Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Bakjaly” hususy kärhanasynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda “Magtymgulynyň döredijiliginde öwüt-ündew” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmek, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet taglymatyny kemala getirmek Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köpugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Özboluşly medeni mirasymyz halkymyzyň aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Milli medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak, mundan beýläk-de baýlaşdyrmak Hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar. Köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan geçmişimize nazar aýlanymyzda rysgal-bereketli, keremli türkmen topragy dünýä ylmyna, medeniýetine-sungatyna saldamly goşant goşan ençeme alymlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň dünýä inip, ýaşap geçen keramatly mekany hasaplanýar. Öz ýaşan döwründe il-halkynyň ýürek sesini diňläp, olaryň ruhy goldawçysy bolan, manysy dür-göwherden gymmatly ajaýyp goşgulary döredip, gymmatly miras galdyryp giden beýik şahsyýetlerimiziň biri hem beýik akyldar, şahyrymyz Magtymguly-Pyragydyr. Şeýle ussatlyk bilen ýazylyp halka ýetirilen, häzirki günlerimiz-de hem ýaşlaryň arasynda giňden ýaýrap, saza goşulyp aýdym görnüşinde belentden ýaňlanýan şygyrlaryň ählisi hem milli ruhda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hasaplanýar. Biz hem ösüp gelýän ýaş nesillerimize Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny öwretmek, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olarda, halkymyzyň milli ýörelgelerine kybap gelýän gylyk-häsiýetleri kemala getirtmekde, täze ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, yzygiderli wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Magtymguly Pyraga döredijiligine belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Magtymguly atamyzyň döredijiligi häzirki döwrümizde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutuş dünýä ýüzünde okalýar, öwrenilýär, belent gadyr-gymmat goýulýar. Çäräniň gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.
TSTP