Toýlary toýa ulaşýan bagtyýar ilimizde, döwletli Diýarymyzda ýene-de goşa baýramçylyk — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni Aşgabat şäheriniň şanly 140 ýyllygy bilen utgaşyp gelýär.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, şonuň ýaly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyz biziň çäksiz uly buýsanjymyzdyr. Olaryň şanyna goşa toý tutulmagy, milli gymmatlyklarymyzyň döwletliligiň nyşany hökmünde wasp edilmegi hormatymyzyň şaýadydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy netijesinde beýleki ugurlar bilen bir hatarda, kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça wajyp ädimler ädilip, düýpli hukuk özgertmeleri durmuşa geçirilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde ýurtda telekeçiligi ösdürmegiň hukuk taýdan kepillendirmeleri göz öňünde tutuldy. Baş Kanunymyzyň «Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary» atly II bölüminiň 47-nji maddasynda şeýle bellenilýär: «Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr».
Şundan ugur alyp, döwlet Baştutanymyzyň hususy ulgama berýän hemaýat-goldawy bilen, türkmen işewürleriniň müňlerçesi hususy ulgamda öz ornuny berkidip, olar hyzmatyny, başarnygyny, gujur-gaýratyny ata mekana siňdirýärler. Häzirki döwürde ykdysady ulgamy ösdürmek bilen bagly we ösen bazar gatnaşyklaryna geçmegi göz öňünde tutýan maýa goýum ulgamynda hususy eýeçiligiň paýy giňeldilýär. Konstitusiýamyzyň 48-nji maddasynda hususy eýeçilik hukugynyň kanun bilen goralýandygy aýdylýar.
Konstitusiýanyň «Ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamy» bölüminiň 134-nji maddasynda beýan edilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. Telekeçiligi ösdürmäge ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garalmagy, bu ugurda döwlet tarapyndan goldaw berilmegi, dürli pudaklarda telekeçiligiň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylmagy we raýatlaryň telekeçilik başlangyçlarynyň goldanylmagy, maýa goýum işjeňliginiň höweslendirilmegi Baş Kanunymyzda kesgitlenen kadalaryň barha rowaçlanýandygyny görkezýär.
Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň 25-nji martda Kaka etrabynda «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy, şeýle hem sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata bermegi, 4-nji maýda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik işi hem-de onuň inžener-tehniki düzümleriniň desgalary bilen tanyşmagy, bu ýerde alnyp barylýan işlere ýokary baha bermegi hususyýetçilere döwlet goldawynyň guwandyryjy netijeleridir.
Türkmen telekeçileri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly senelere, hususan-da, beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna mynasyp sowgatly barýarlar. Olar giň gerimli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýarlar, milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk, azyk önümçiligi, söwda, hyzmatlar, dokma, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk we gurluşyk önümçiligi, senagat ýaly möhüm pudaklarynda üstünlikli işleýärler. Ylmyň we tehnologiýalaryň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar.
Ýigrimi dokuz ýyl öň, Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi hem-de Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň miweleridir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen bagtyýarlyk döwrümizde bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmegiň çäginde jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyz düýpli özgerip, döwletimiziň kanunçylyk esasy kämilleşdirildi. 2016-njy ýylda Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşi kabul edildi.
Sözümiziň başynda hem belleýşimiz ýaly, bu goşa toýuň Aşgabat şäheriniň şanly 140 ýyllygy bilen utgaşyp gelmegi has-da buýsandyryjydyr. Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň esaslary bilen bir hatarda, 24-nji maddada «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir» diýlip kesgitlenilýär. Hormatly Prezidentimiz «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda bolsa gözel paýtagtymyzy ak arzuwlaryň amala aşýan mekany, dünýä binagärliginiň merjeni hökmünde wasp edýär. Paýtagtymyzda ýerleşýän Konstitusiýa binasy, Döwlet baýdagynyň belent sütünleri goşa mukaddeslige sarpanyň nyşanydyr.
Aşgabat şäheri gurluşykçy telekeçilerimiziň gaýratly zähmet goşantlary bilen tapgyr-tapgyr ösüşlerini dowam edýär. Geçen ýyllarda dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň müňlerçe maşgalasy ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 13 — 16-njy tapgyrlarynyň çäklerinde hususy gurluşyk kärhanalarymyz tarapyndan gurlan ýaşaýyş jaýlarynda ähli amatlyklary bolan öýlere göçüp bardylar.
Ýurdumyzyň sebitlerinde, şeýle-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Döwlet baýdagyny belentde parladýan sütünli meýdançalaryň açylmagy halkymyzyň ýaşyl Tugumyza bolan buýsanjynyň nyşanydyr.
Türkmenistanyň ýaşyl Tugy parahatçylyk söýüjiligiň, milli we ruhy bitewüligiň hem-de yrylmaz ynamyň nyşanydyr. Ol ýurdumyzyň her bir raýaty üçin watansöýüjiligiň mekdebidir. Bu gün türkmen telekeçileriniň öndüren önümleri «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly, Döwlet baýdagymyzyň keşbi bilen dünýä bazaryna çykýar. Şeýle belent sepgitleri, döwrümiziň bedew batly ösüşlerini wagyz etmek, olara mynasyp seslenmek, tutumly toý-baýramlaryň şatlyk-şowhunyna şaýat bolmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň her bir agzasynyň kalbyny joşdurýar.
Hormatly Prezidentimizi, ähli halkymyzy milli baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt we dünýä ähmiýetli belent tutumlarynyň elmydama rowaç almagyny arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty. - S.Owganow