Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanmagy netijesinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda agrosenagat toplumynda uly ösüşler gazanylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem alyp barýan işlerine innowasion tehnologiýalardyr täzeçil usullary ornaşdyryp, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge we eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge mynasyp goşant goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda 12 — 14-nji maý aralygynda geçirilýän «Agro Pack Türkmenistan — 2026» atly halkara sergi gazanylan üstünlikleri dabaralandyrýar.
Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän «Agro Pack Türkmenistan — 2026» atly halkara sergi ýurdumyzyň oba hojalygy we azyk senagaty pudagynda uly sepgitlere ýetilendigini aýdyň görkezýär.
Sergä gatnaşýan onlarça daşary ýurt kompaniýalary we ýerli kärhanalar oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek we gaplaýyş tehnologiýalary boýunça innowasiýalar bilen tanyşdyrýarlar. Türkmen telekeçileri üçin bu sergi halkara derejede tejribe alyşmak, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak we innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak üçin ähmiýetlidir. Serginiň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň arasynda gazanylýan ylalaşyklar, baglaşylýan şertnamalar ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň dünýä bazaryndaky ornuny has-da berkider.
Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň goldawlary netijesinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary oba hojalyk pudagynda özgertmeleri amala aşyrýarlar. Telekeçilerimiz tarapyndan ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap ýyladyşhana toplumlary, maldarçylyk we guşçulyk fermalary, şeýle hem miwe we gök önümlerini saklaýan iri göwrümli sowadyjy ammarlar yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. Aýratyn-da, ýyladyşhana hojalygynyň ösmegi netijesinde ýylyň islendik paslynda halkymyzy ter gök önümlerdir miweler bilen üpjün etmekde we daşary ýurtlara oba hojalyk önümlerini eksport etmekde uly öňegidişlikler gazanylýar. Bu gün «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly önümler ekologiýa taýdan arassalygy we ýokary hili bilen dünýä bazarlarynda tanalýar.
Häzirki döwürde türkmen telekeçileri diňe bir çig mal öndürmek bilen çäklenmän, eýsem, ony gaýtadan işläp, taýýar önüm görnüşinde-de sarp edijilere ýetirýärler. Bu bolsa, goşmaça gymmatyň döredilmegine we täze iş orunlarynyň açylmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzda hereket edýän hususy maldarçylyk toplumlary süýt we et önümleriniň görnüşlerini artdyrýarlar. Milli haryt nyşanly et-süýt önümleriniň onlarça görnüşiniň sarp edijilere ýetirilmegi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmak meselesini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär.
Soňky ýyllarda amala aşyrylýan oba hojalyk özgertmeleriniň netijesinde hususyýetçiler miweli baglary ösdürip ýetişdirmäge hem aýratyn ähmiýet berýärler. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ulanylmagy we täzeçil çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagy miweli baglardan bol hasyl almaga ýardam edýär.
Ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa miwelerdir gök önümleri gaýtadan işlemek arkaly dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply harytlary taýýarlamak hem hususy pudagyň üstünlikli çözýän wezipeleriniň hatarynda durýar. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň peýdalanylmagy önümleriň tebigy tagamyny, peýdaly häsiýetlerini saklap galmaga, harytlaryň saklanylyş möhletini artdyrmaga mümkinçilik berýär. «Agro Pack Türkmenistan — 2026» atly halkara sergisiniň mysalynda görşümiz ýaly, önümiň daşky görnüşi we saklanyş möhleti üstünlikli eksport üçin örän möhümdir. Türkmen telekeçileri bu ugurda halkara standartlaryna laýyk gelýän gaplaýyş tehnologiýalaryny ulanyp, ýokary hilli önümleri öndürmegi özleşdirdiler.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda telekeçiligiň, onda-da agrosenagat pudagynda hususy başlangyçlaryň rowaçlanmagy döwletimiz tarapyndan berilýän yzygiderli goldawlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Hususy pudakda döwlet goldawy birnäçe ugurlary öz içine alýar. Telekeçilere oba hojalyk taslamalaryny durmuşa geçirmek, döwrebap tehnikalary we tehnologiýalary satyn almak üçin pes göterimli, uzak möhletli karzlar berilýär. Maldarçylygy, bagçylygy we ekerançylygy ösdürmek isleýän telekeçilere uzak möhletleýin peýdalanmak üçin ýer bölekleriniň bölünip berilmegi hem döwlet goldawynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Önüm öndürijiler üçin döredilen salgyt ýeňillikleri olaryň alýan girdejileriniň bir bölegini täze önümçiliklere gönükdirmegine şert döredýär. «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda», «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýleki kanunçylyk namalary hususy pudagyň bähbitlerini goraýar we erkin bäsdeşligi goldaýar.
Hususy pudagyň wekilleri Türkmenistanyň azyk önümleri bilen diňe bir içerki bazary üpjün edýän döwlet däl, eýsem, sebitde we dünýäde iri azyk eksportçysy hökmünde ornuny berkitmek boýunça belent maksatlara ymtylýarlar. Şu maksat bilen, önümleriň eksport ugurlaryny giňeltmek arkaly Ýewropa, Aziýa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna türkmen önümleriniň täze görnüşlerini çykarmak, dünýäde ekologiýa taýdan arassa önümlere bolan islegiň artmagyny göz öňünde tutup, türkmen topragynda tebigy usulda ýetişdirilen önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmak, ylym bilen önümçiligiň arabaglanyşygyny has-da berkidip, ekinleriň ýerli şertlere uýgunlaşan, ýokary hasylly tohumlaryny ýetişdirmek bilen bagly işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda türkmen telekeçileri mundan beýläk-de ýurdumyzyň ykdysady özygtyýarlylygyny berkitmäge we azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşantlaryny goşmagy dowam etdirerler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösüşi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri elmydama rowaç bolsun!
Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.