Türkmen işewürliginiň ösüş ýoluna nazar aýlap, gazanylan üstünlikleriň binýadynda durýan şertler barada oýlananyňda, ilkinji nobatda, döwlet goldawynyň ähmiýetini görmek bolýar. Ýeňillikli karzlardan başlap, iri ýer bölekleriniň uzak möhletleýin bölünip berilmegine çenli döredilen şertler hususyýetçilere ägirt taslamalary amala aşyrmaga çenli ýoly külterlemäge mümkinçilik berdi. Türkmen işewürleriniň ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini görkezýän iň iri taslamanyň biri-de sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gurluşygydyr.
Milli binagärligimiziň we şähergurluşygymyzyň beýik üstünligi bolan döwrebap şäheriň taslamasyna has içgin seredeniňde, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmek ugrundaky tagallalarynyň nusgalyk netijelerini görmek bolýar. Innowasion çözgütleri özünde jemleýän döwrebap şäherde Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň ýeten sepgitleri, gazanan tejribeleri aýdyň şöhlelenýär. Öňler ýurdumyzda iri şähergurluşyk taslamalaryny amala aşyrmaga, esasan, daşary ýurt kompaniýalary çekilen bolsa, häzirki döwürde bu ugurdaky işleriň ählisi diýen ýaly ýerli işewürler tarapyndan alnyp barylýar.
Häzirki wagtda türkmen telekeçileri diňe bir gurluşyk işlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde däl, eýsem, ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde hem uly öňegidişlikleri gazanýarlar. Senagatçylarymyz tarapyndan öndürilýän harytlar hil babatda daşary ýurt önümlerinden birjik-de kem galmaýar. Iri gurluşyk meýdançalaryndan uzak bolmadyk ýerde gurlan döwrebap zawodlar ägirt taslamany amala aşyrmak üçin zerur bolan serişdeleri üznüksiz üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Täze şäheriň gurluşygynda peýdalanylýan kerpiçlerden başlap, bezeg önümlerine, mermer daşlaryna, suw üpjünçilik we lagym ulgamlarynda ulanylýan turbalara çenli öz ýurdumyzda öndürilýändigi buýsançly ýagdaýdyr.
«Akylly» şäherde ýaşaýşyň hilini has-da ýokarlandyrmak üçin innowasion çözgütleriň dürli görnüşleri ornaşdyryldy. Şäheriň giň we rahat ýaşaýyş jaýlary, edara binalary bilen birlikde, «akylly» ýol-ulag düzümleri hem işewürlerimiz tarapyndan döredildi. Intellektual ulgamlara esaslanýan ýolyşyklar we ýagtylandyryş ulgamlary üçin zerur bolan serişdeleriň ýerli elektron senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynda ýygnalmagy hem muňa aýdyň mysaldyr.
Soňky onýyllyklarda ýurdumyzyň gurluşyk kärhanalarynyň tejribeleri we mümkinçilikleri yzygiderli ýokarlanyp, olar köpugurly işewürlik düzümlerine öwrüldiler. Arkadag şäheriniň gurluşygy türkmen hususyýetçileri üçin kämillige uzaýan ýolda möhüm ädim boldy. Ýerli hünärmenler tarapyndan lagym we sil sowuş ulgamlary özbaşdak taslamalaşdyrylyp, üstünlikli durmuşa geçirildi. Gurluşyk serişdelerini öndürijiler bilen kärhanalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ýola goýlup, logistik ulgamlaryň netijeli ulanylmagy şäheriň birinji tapgyryny örän gysga wagtda, ýokary hil derejesinde tamamlamaga şert döretdi.
Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda türkmen işewürlerine has-da jogapkärli işler ynanyldy. Çünki bu ýerde ýaşaýyş jaýlary we beýleki durmuş düzümleri bilen birlikde, önümçilik kuwwatlyklary hem döredilýär. Olaryň hatarynda ýerli çig mallardan lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň dürli görnüşlerini öndürmäge niýetlenen lukmançylyk klasteri hem-de milli halyçylyk sungatynyň mynasyp dowam etdirilmeginde möhüm ähmiýeti bolan halyçylyk kärhanasy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna goşant goşar. Şeýle önümçilik toplumlarynyň döredilmegi Arkadag şäherini ösen ykdysady zolaga öwrüp, ilat üçin köp sanly iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder.
Senagatçylaryň we telekeçileriň Arkadag şäheriniň gurluşygyna gatnaşmagy milli işewürligiň dünýä derejesindäki ägirt taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny subut etdi. Ýerli gurluşykçylar we gurluşyk serişdelerini öndürijiler importyň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini ýola goýmak boýunça işleri üstünlikli amala aşyrmaga ukyplydygyny görkezdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwrebap şäheriň gurluşygy bilen yzygiderli gyzyklanyp, bu ýerdäki işler bilen bagly gymmatly maslahatlaryny we pikirlerini paýlaşmagy şäheriň diňe bir röwşen keşbini däl, eýsem, kämil ruhy binýadyny hem kesgitledi. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda täze şäher gysga döwürde halkara giňişlikde uly ykrara eýe bolup, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy we ekologik abadançylyk babatda abraýly halkara şahadatnamalaryň onlarçasyna mynasyp boldy.
Milli Liderimiziň şeýle iri şähergurluşyk taslamasyny durmuşa geçirmegi türkmen telekeçilerine ynanmagy döwletimiz tarapyndan hususy pudagy goldamaga, ýerli işewürlik düzümleriniň halkara giňişlikde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga kuwwatly itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleri, döwletimiziň berýän goldawy, döredýän mümkinçilikleri türkmen işewürlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gülläp ösüşlerine goşant goşmakda belent sepgitlere ruhlandyrýar. Asylly işleri, umumymilli ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşyp, öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk berjaý etmek türkmen senagatçylary we telekeçileri üçin uly jogapkärçilik hem-de belent mertebedir.
Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.