Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

KONSTITUSIÝA WE BAÝDAK – BIZIŇ BUÝSANJYMYZ WE GUWANJYMYZ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde ähli taraplaýyn ösen döwlet hökmünde ykrar edilýär. Ýetilýän belent sepgitleriň özenini esasy Kanunymyza laýyklykda durmuşa ornaşdyrylýan maksatnamalaýyn işler düzýär. Bu bolsa milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň doly ykrar edilmegine, ýaşyl tugumyzyň belentde parlamagyna uly goşant goşýar. Munuň özi esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gününde — baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli şöhlelendirilýär, özüniň ajaýyp beýanyny tapýar.

Döwlet baýdagy watansöýüjilik we mähriban Watana bolan söýgi ýaly bahasyz gymmatlyklary, halkymyzyň beýik döredijilik ruhuny alamatlandyrýar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijeleri her ädimde duýulýar. Türkmen topragy özgerip, gülläp ösýän bagy-bossanlyga bürenýär, şäherleriň we obalaryň keşbi düýpli özgerýär, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanýar, eziz watandaşlarymyzyň abadançylyk derejesi ýokarlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwlet nyşanlary bolmak bilen Esasy Kanun we Ýaşyl Baýdagymyz Watanymyzyň garaşsyzlyk hem-de bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär.

Halkymyzyň bozulmaz agzybirligini, bitewüligini, onuň şöhratly pederlerimiziň paýhasly wesýetlerine, bagtly häzirki we geljekki durmuşyň ýörelgelerine bolan ygrarlylygyny, Watanymyzyň saýlap alan döredijilikli ýoly bilen ösüşleriň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bolan ynamly ädimini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Türkmen halky tarapyndan agzybirlik bilen toýlanýan bu gymmatlyklarymyzyň goşa baýramy halkymyzyň watansöýüjilik duýgularyny kämilligiň çäksiz belentliklerine göterýär.

Başymyzyň täji, gözümiziň röwşeni ata Watanymyzda eýelenýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler, ilkinji nobatda, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň nyşanydyr. Agzybirlik, jebislik we bitewülik ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Täze taryhy eýýamda milli bagtyýarlygymyzyň aýdyň nyşanyna öwrülen Türkmenistanyň Konstitusiýasy berkarar döwletimiziň mizemez ýörelgeleri bolan Garaşsyzlygy, hoşniýetli Bitaraplygy, milli jebisligi we demokratiýany özünde jemlemek bilen, ýurduň, halkyň, şol sanda her bir raýatyň geljekki hemmetaraplaýyn ösüşlerini şertlendirýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalary esasynda döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlaryny hukuk taýdan özgertmek boýunça uly we maksada gönükdirilen tagallalaryň netijesi Milli maksatnamalary we iri göwrümli halkara taslamalary amala aşyrmaga, Türkmenistany syýasy, sosial-ykdysady we medeni taýdan ösdürmäge, halkara derejesinde abraýyny ýokarlandyrmaga hyzmat edýär.

Diýarymyzda ýokary baýramçylyk ruhunda dabaralar geçirilip, milli gymmatlyklarymyzyň we ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň waspy ýetirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzy merdana türkmen halkymyzy Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Türkmenistan döwletimiziň esasy kanunynda döwlet gurluşyny, raýatlaryň we adamlaryň hukuklary we azatlyklary, jemgyýetiň we döwletiň ykdysady binýady we strategiki ösüş ugurlarynyň ýörelgelerini berkidip taýsyz tagallalary amala aşyrýan, ýurdumyzy bedew bady bilen uly ösüşlere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.