Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda taryhy we medeni mirasy goramak, öwrenmek we ýaş nesillere ýetirmek, şeýle hem giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ady äleme dolan ussadyň sözleri we pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny hem-de watançylyk ruhuny belende galdyryp, diňe milli däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Häzirki döwürde Magtymgulynyň goşgulary Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň halk bitewiliginiň, parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýar. Şahyryň ynsanperwer pikir garaýyşlary asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýär. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz etmek işi döwrebap derejede dowam etdirilýär. Ynha, 2024-nji ýylda dana Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna häzirden düýpli taýýarlyk görülýär. Bu toýy halkara derejesinde dabaraly belläp geçmek üçin Türkmeniň halkynyň Milli Lideri şeýle hem peder ýörelgesini dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz diýseň uly tagallalary edýär. Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan kitaplar neşir edilýär. Şahyryň edebi mirasyna bagyşlanan onlaýn tertibinde duşuşyklar geçirilýär. Umuman, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň ady dünýä dillerinde ýaň salýar. Häzirki günlerinde paýtagtymyzyň günorta böleginde Köpetdagyň belent gerşinde bina edilýän beýik akyldaryň ýadygärliginiň gurluşyk işleri, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy ýokary depginde alnyp barylýar. Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň il-günümize galdyryp giden şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde beýik akyldaryň şygyrlary giňden öwrenilýär, onuň baý many-mazmuny gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. Aýratynam akyldar şahyrymyz baryp 18-nji asyrda aýdan nesihatlary, öwüt ündewleri bu gün ýaş nesillerimize uly durmuş mekdebi bolup hyzmat edýär. Beýik şahyrymyz özüniň ajaýyp şygyrlarynda türkmen halkyny birleşdirmek, halkyň agzybirligini gazanmak, Watany goramak hem söýmek, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, adalatlylyk üçin göreşmek, ynsany bezeýän ahlaklylyk, ynsanperwerlik, kanagatlylyk, gara nebse çapmazlyk, kişini ynjatmazlyk, edeplilik, sahylyk, mertlik, namartlyk, galplygy ýigrenmek, husytlyk, zalymlyk, baýlyk, garyplyk, söýgi, maşgala wepalylyk, dünýäniň gurluşyna akyl ýetirmek, ykbal, takdyr ýaly juda köp meseleleri özüniň liriki gahrymanynyň keşbine örän uly ussatlyk bilen siňdirip, çeperçiligiň şirin şerbetine ýugrup suratlandyrýar. Magtymguly Pyragy adamlarda ýagşy gylyk-häsiýetleri, ahlak sypatlaryny terbiýelemek bilen jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ýüze çykýan nogsanlyklary aradan aýyrmak bolar diýen netijä gelipdir. Şonuň üçin-de ol ynsany bezeýän, ony hakyky ynsan edýän, mertebesini beýgeldýän ähli ýagşy gylyk häsiýetler hakynda söz açypdyr. Gowy gylyk-häsiýetleriň, ahlak sypatlarynyň döwürdeşlerinde we geljekki nesillerde bolmagyny isläpdir. Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir. Halkymyz özüniň beýik ogly Magtymguly Pyraga çäksiz hormat goýýar. Akyldaryň şahyrana dünýäsi müň ýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmajak sütünine öwrüldi. Şoňa görä, akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllyk toý dabarasy Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda hem-de dünýä döwletlerinde giňden bellenilip geçiler. Türkmen ruhuny äleme ýaýjak bu dabaralar Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dünýä dillerinde neşir edilmegi bilen utgaşyp, ussat şahyrymyza, onuň umum adamzat ähmiýetli edebi mirasyna dünýä ýüzünde uly hormat goýulýandygynyň, akyldar şahyryň çuňňur many mazmunly goşgularynyň ýürekleriň töründen baky orun alandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüler. Gahryman Arkadagymyz dünýäniň dörediji Lideri hökmünde dana Pyragynyň ymgyr filosofiki pähim paýhasyna aýratyn hormat goýýar. Şol sebäpden hem Gahryman Arkadagymyzyň her bir eseriniň süňňünde Magtymguly Pyragynyň göreldelik nusgasyaýdyň beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň her bir eseri türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerligiň, ataWatana ygrarlylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň naýbaşy ýörelgelerini giňden açyp görkezýär. Pederlerimiziň miras goýan taglymatlaryna we öwütlerine sarpa goýmak, parahatçylyk, raýdaşlyk we birek-birek bilen hoşniýetli gatnaşyk saklamak arkaly ählumumy ösüşe ymtylyş şol atalyk eserleriň awtorynyň esasy çagyryşy bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirmekde döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Arkadagly Serdarymyza, Türkmeniň halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Maksat Meredow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy