Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

ARZYLY SEPGITLER – OŇYN ÜSTÜNLIKLER

Hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň mil­li bi­lim ul­ga­my­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mek hem-de hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­mak ba­batda dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li iş­ler döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugurla­rynyň bi­ri­dir. Döw­re­bap öz­gert­me­le­riň mak­sa­da­la­ýyk dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­lim ul­ga­my­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­rip, ony hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga mümkin­çi­lik ber­ýär. Çün­ki kä­mil bi­lim döwle­tiň we jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­ni üp­jün ed­ýän hem-de ony öňe iler­led­ýän gym­mat­lyk ha­sap­lan­ýar.

Her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabaralar bilen bellenilip geçilýär. Munuň özi ata Watanymyzda bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bolan bilime aýratyn hormat goýulýandygyny, bedew bady bilen ynamly öňe barýan täze taryhy döwürde milli tejribelerimize eýerilip, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanylyp, eziz Diýarymyzyň milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.

Döwlet Baştutanymyz: «Bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr» diýip belleýär. Şoňa görä-de, häzirki wagtda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmek, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda zähmet çekjek hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek babatdaky nusgalyk işler üstünlikli dowam etdirilýär. Bilim bermek işine okatmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan döwrebap, innowasion usullary hem-de sanly ulgam üstünlikli ornaşdyrylýar. Döwrebap bilim ojaklarynda bilim işgärleriniň tehniki ulgamlardan, maglumat gorlaryndan peýdalanmak başarnygyny, hünär ussatlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak, mekdebe çenli ýaşly körpeleriň sagdyn ösmeklerini we mekdebe taýýarlykly barmaklaryny gazanmak, ýaşlary ylmy-gözleg, döredijilik işlerine ugrukdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. 

Bilim ulgamyna jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilip, bu ugurda ädilýän ädimler, ilkinji nobatda, doly derejeli we köpugurly bilim almak, sazlaşykly ösen ýaş nesli, hakyky watançylary terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Çünki türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, «Berkarar döwletimiziň nurana geljegi şu günki ýaş nesillerimiziň aljak bilimi we terbiýesi bilen aýrylmaz baglydyr. Biziň beýik işlerimizi üstünlikli dowam etdirmek ýaşlaryň paýyna düşýär». Şunuň bilen baglylykda, eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde okatmagyň öňdebaryjy usullaryna, kompýuter tehnologiýalaryna esaslanýan döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. 

Hususan-da, geçen okuw ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda dabaraly ýagdaýda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylandygyny, häzirki wagtda bu innowasion bilim ojagynda ýurdumyzyň döwlete dahylsyz pudagynda zähmet çekjek hünärmenleriň ýokary derejede taýýarlanylýandygyny bellemek ýakymlydyr. Çünki telekeçiler milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barmak bilen, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar. Hususy işewürleriň döwletimiziň jemi içerki önüminiň ösüşinde hem mynasyp paýy bar. Olar «Türkmenistanda öndürildi» diýen milli nyşanly harytlaryň görnüşlerini we möçberini yzygiderli artdyryp, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümleri bilen ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da berkidýärler. 

Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlary emeli aň, maglumat we blokçeýn tehnologiýalary boýunça taýýarlamak baradaky görkezmeleriniň esasynda ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde ýöriteleşdirilen okuw maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylýandygyny bellemelidiris. Şeýle maksatnamalar bilimiň hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, zähmet bazarynyň talaplaryna laýyklykda hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan ugur alsak, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti sanly maliýe we birža bazarynyň häzirki zaman ýörelgelerini milli tejribä ornaşdyrmaga ukyply hünärmenleri taýýarlamak işinde aýgytlaýjy orny eýeleýär. 

Ýurdumyzda gurulýan döwrebap bilim edaralary giň mümkinçiliklere eýe bolup, olar ýurdumyzda ýokary aň-düşünjeli, döwrebap bilimli, watansöýüji ýaş nesilleri kemala getirmäge gönükdirilendir. Şoňa görä-de, her ýyl Bilimler we talyp ýaşlar güni Diýarymyzyň dürli künjeklerinde täze bilim edaralarynyň açylyş dabaralary bilen utgaşýar. Eziz Watanymyzyň obadyr şäherlerinde täze, döwrebap orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýändigine, bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. 

Her ýylda dabaraly ýagdaýda açylýan täze bilim ojaklarynda amatly mebeller, döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen ýagty we giň okuw otaglary mugallymlardyr çagalaryň ygtyýaryna berilýär. Ýöriteleşdirilen okuw otaglarynda gurnalýan multimedia we interaktiw enjamlar dersleri has içgin öwrenmäge ýardam berýär. Mekdeplerde okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny, zehinini açmak üçin hem ähli şertler göz öňünde tutulýar. 

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna beslenýän şu ýylymyzda eziz Diýarymyz bedew batly ösüşler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Milli ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen birlikde, bilim ulgamynda-da şanly özgertmeler dowam etdirilip, mekdebe çenli bilim edaralarynda we umumybilim berýän orta mekdeplerde, şol sanda hünär bilimi edaralarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň hilini ýokarlandyrmak, hususan-da, okatmagyň usulyýet esaslaryny kämilleşdirmek, terbiýe işini amala aşyrmakda milli ýörelgelerden ugur almak, ýaşlarda şanly geçmişimize, beýik taryhymyza, milli mirasymyza, medeniýetimize söýgi döretmek babatdaky işler netijeli häsiýetde alnyp barylýar

Jemläp aýdanyňda, ýaş nesillerimizi milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň iň gowy nusgalary esasynda terbiýelemek türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çünki bilim jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin möhüm binýatdyr. Kämil bilimli nesiller bolsa Watanymyzyň nurana geljegidir.

Güljeren MUHYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň hünärmeni.