Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

HALK MASLAHATY – HALKYMYZYŇ ASYLLY ÝÖRELGESI

Bu gün ata Watanymyz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik Garaşsyzlygyň nurana ýoly bilen röwşen geljegine tarap ynamly öňe barýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gurýan, döredýän, beýik bagtyna guwanýan halkymyz berkararlygymyzyň giň mümkinçiliklerinden üstünlikli peýdalanmak bilen, taryhy ýeňişleri gazanýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy toýlanjak eziz diýarymyz bugünki günde dünýä münberinde asudalygyň simwoly höküminde öz  beýanyny tapýar. Munuň özi Garaşsyzlygyň halkymyza abadan, bagtyýar durmuşyň hatyrasyna belent sepgitlere ýetmäge   güýç-kuwwat berýändiginiň subutnamasydyr.

Dana pederlerimiz «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Ýedi ölçäp bir kes», «Arkalaşan dag aşar» ýaly pähimleri döredip, ähli babatda nesillere nusgalyk görelde görkezipdir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanýandygynyň, ata-babalarymyzyň her bir tutumly işe maslahatlaşyp, geňeşli başlamak däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşleriň ählisi halkymyzyň abadan hem-de parahat durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Täze taryhy döwrümiz agzybir türkmen halkyna buýsançly wakalary, beýik özgertmeleri bagyşlaýar. 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem kalplara buýsanç duýgusyny paýlajak möhüm wakalaryň birine öwrüler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 15-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde bu ählihalk forumyny ýokary derejede geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi. Şoňa görä-de, häzirki wagtda halkyň durmuşynda asyrlar boýy dowam edip gelýän, ýurdumyzyň ösüşiniň esasyny düzýän Halk Maslahatynyň mejlisine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýär.  Umumymilli forumyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Çünki Garaşsyzlyk bu biziň göterilen ykbalymyzdyr! Garaşsyzlyk Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr, berkarar döwletli we bagtyýar ýaşaýşymyzdyr! Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, geçilen taryhy menzillere ser salmak, geljekde öňde duran wezipeleri anyk kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň gazananlaryny berkitmek esasy wezipämizdir. Ösüşlerimiziň binýadyny berk tutmak, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary ak ýollara ugrukdyrmak baş maksadymyzdyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýär. Onuň işine jemgyýetçiligiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň giňden çekilmegi hem hut şonuň bilen baglanyşyklydyr. Elbetde, maslahatlaşylyp edilýän işiň rowaçlyklara beslenýändigine Garaşsyzlyk ýyllarynda toplanan baý tejribe aýdyň şaýatlyk edýär. Her bir işde il-halka geňeşmek nesilbaşymyz Oguz handan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgelerimiziň biridir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletlilige, kanunylyga we milli demokratik ýörelgelere esaslanmak bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň ýolunyň häzirki wagtda döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bu möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çäre ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpleriň, döwletlilik ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini nobatdaky gezek aýan eder.

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň wajyp meselelerini öz içine alýan bu umumymilli foruma ilatyň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň giňden gatnaşmagy eziz Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýän döwletli tutumlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garaljak meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda, halkymyzyň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar. Bu bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.  Gahryman Arkadagymyzyň bu döwletlilik taglymaty adamzat jemgyýetiniň ösüşindäki ýetilen sepgitleri we türkmen halkynyň taryhy we milli mirasyny, häzirki zaman tejribesini hasaba almak we olary döwrümiziň nukdaýnazaryndan özleşdirmek esasynda işlenip düzülen ynsanperwer garaýyşlaryň ulgamydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde, üstünlikli geçirilmegine gönükdirilen çäreler Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýdyň şöhlelendirýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda döwre görä yzygiderli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu işler şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti berkarar etmekde we dolandyrmakda toplan baý tejribesi, dünýä döwletleriniň bu ugurda gazanan üstünlikleri göz öňünde tutulyp amala aşyrylýar. Bu bolsa adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga hukugyny kepillendirmäge mümkinçilik berýär. Jemgyýetde asudalygy hem-de agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny berkitmäge ýurduň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmäge oňaýly şertleri döredýär.

Gadymdan gelýän milli demokratik ýörelgelerimiz bu günki gün täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem halk häkimiýetiniň milli nusgasynyň, halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhy ýolunda döwlet gurluşy we dolandyrylyşy babatda toplan oňyn tejribesiniň dabaralanmasyna we ata-babalarymyzdan miras galan milli demokratiýanyň kämil nusgasyna öwrüler. Biz hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul ediljek çözgütlerdir, kararlary halk köpçüliginiň arasynda bolup, düşündiriş-wagyz işlerini giňden alyp bararys.

Asuda watanmyzy röwşen gelejegine sary öňe alyp barýan, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny,  döwlet bähbitli,  ýurt ähmiýetli işlerinde elmydama rowaçlyklara  beslenmegini arzuw edýäris.

Enwer BALLYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy