Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

GARAŞSYZLYK — ÖSÜŞ-ÖZGERIŞLERIŇ BINÝADY

 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän durmuş-ykdysady özgertmeleriniň netijesinde taryhy ösüşleri nazarlaýar. Bu hakykat mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda has-da aýdyň görünýär. Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri ykdysadyýetiň hususy pudagynyň üstünlikleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmeginde we döwrebaplaşmagynda hususy pudagyň eýeleýän orny örän uludyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ykdysady üstünlikleriniň, amala aşyrylan düýpli özgertmeleriň we halkyň durmuş şertleriniň ýokarlanmagynyň esasy hem hut şu ugurdaky netijeli syýasat bilen  berk baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän strategik maksatnamalar ýurtda telekeçiligiň ösmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine hem-de ilatyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulanmagyna kuwwatly itergi berdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini rejeli peýdalanmak arkaly dünýäde okgunly ösýän döwletleriň biri hökmünde ykrar edildi. Bu taryhy döwürde milli ykdysadyýetiň kämil nusgasynyň kemala gelmegi, ilkinji nobatda, bazar gatnaşyklaryna geçilmegi we telekeçilik gurşawynyň goldanmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi işjeňleşdirmek, olaryň iş gerimini ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda giňeltmek boýunça giň möçberli we belent maksatly işler durmuşa geçirildi.

Hususy pudagyň milli ykdysadyýetdäki agramynyň yzygiderli artmagy ýurduň jemi içerki önüminiň düzüminde hem aýdyň ýüze çykýar. Meselem, anyk görkezijilere salgylansak, Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan, jemi içerki önümiň düzüminde döwlete dahylsyz bölegiň paýy 70 göterimden geçýär. Bu görkeziji hususy pudagyň ýurduň ykdysady binýadyny berkidip, durnukly ösüşi saklamakda nähili uly güýje öwrülendigini aýdyň subut edýär. Amatly maýa goýum gurşawynyň döredilmegi we maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagy telekeçilere öz kuwwatyny doly açmaga, önümçilik we dolanyşyk serişdelerini yzygiderli kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri açdy.

Döwlet syýasatynyň baş maksady hemişe halkyň abadan we durnukly durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Telekeçiligiň ösmegi diňe bir ykdysady görkezijileri däl, eýsem, halkyň gündelik durmuş derejesini hem düýpli ýokarlandyrdy. Bu ugurda gazanylan esasy netijeleriň biri täze iş ýerleriniň döredilmegidir. Hususy kärhanalaryň we önümçilikleriň sanynyň artmagy ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň ýokarlanmagyna, raýatlaryň girdejileriniň artmagyna we netijede maşgala hojalyklarynyň abadan durmuşynyň berkemegine goşant goşýar.

Şonuň bilen birlikde, durmuş syýasatynyň iň möhüm ugurlaryndan biri bolan ýaşaýyş jaý gurluşygynda hem hususy pudagyň goşandy örän uludyr. Paýtagtymyzda bina edilýän ýokary amatlykly jaýlar bilen bir hatarda, welaýatlarda hem hususy ýaşaýyş jaý gurluşygy giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly açylmagy meýilleşdirilýän täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň hem köpüsi hut ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalary we gurluşykçylary tarapyndan gurulýar.

Garaşsyz Diýarymyzda hususy pudak milli ykdysadyýetiň beýleki esasy ugurlary we pudaklary bilen berk arabaglanyşykda ösdürilýär. Bu bäsdeşlige ukyplylyk, diwersifikasiýalaşdyrmak we durnuklylyk ýörelgelerine esaslanýar. Soňky ýyllarda banklaryň önümçilik we oba hojalyk maksatly berýän karzlary ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge gönükdirilen umumy karzlaryň bir bölegi hususy işewürleriň oba hojalygynda we beýleki önümçiliklerde täze kuwwatlyklary döretmegine binýat boldy.

Ýeňillikli karzlaşdyrmak we döwlet goldawy arkaly hususy pudak oba hojalyk önümlerini öndürmekde uly sepgitlere ýetdi, munuň özi ýurduň azyk howpsuzlygynyň berkemegine saldamly goşant goşdy. Hususy telekeçiler tarapyndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen täze önümleriň önümçiligi üstünlikli özleşdirilýär. Döwlet kärhanalary bilen bir hatarda, hususy pudak hem himiýa, nebithimiýa, gurluşyk we azyk harytlaryny dünýä bazarlaryna çykarmaga işjeň gatnaşýar. Hususy pudagyň ykdysady ösüşdäki paýynyň artmagy bilen birlikde, hut bu ulgamdan döwlet býujetine gelip gowuşýan girdejiler hem yzygiderli artýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan çuňňur oýlanyşykly ykdysady özgertmeler Türkmenistany ösüşiň täze belentliklerine çykardy. Döwlet goldawyndan ruhlanyp, gysga döwürde uly sepgitlere ýeten hususy pudak häzirki wagtda diňe bir ykdysady ösüşiň däl, eýsem, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň hem möhüm şertine öwrüldi. Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny nazarlaýan döwletli işleri dowamata beslensin! Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.