Berkarar döwletimiziň binýadyny berkiden Gahryman Arkadagymyzyň döwletli işleriniň hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda rowaçlyga beslenmegi netijesinde eziz Watanymyzdaky ykdysady ösüşlere, halkyň abadançylygyna we jemgyýetiň jebisligine dünýäde ýokary baha berilýär. Döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň esaslary milli däp-dessurlarymyzyň döwrüň şertlerine laýyklykda hukuk we syýasy mehanizmlere öwrülmegi bilen baglanyşyklydyr. Şeýle rowaçlyklarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň aýratyn möhüm orny bardyr. Bilşimiz ýaly, 15-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bu mejlisde eden çuňňur mazmunly çykyşynda beýan eden gymmatly pikirlerinden, öňe süren tekliplerinden döwletiň özygtyýarlylygynyň we ösüşiniň berk ruhy binýatdan üzňe bolup bilmejekdigi baradaky möhüm netije gelip çykýar. Ine, şu babatda ýurdumyzda halk häkimiýetliliginiň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahaty türkmen milletiniň geçmişini, şu gününi we geljegini baglanyşdyrýan gural hökmünde çykyş edýär. Ýurt Garaşsyzlygymyza eýe bolup, döwletimiziň özygtyýarly ösüş ýoluna düşen ýyllarynyň dowamynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik gurluşynyň binýadyny berkitmek, döwletimiziň galkynyşyny we halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmek boýunça örän uly işler bitirildi. Täze taryhy döwürde halkyň bähbidine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we öz işini ýokary derejede alyp barmagy halk häkimiýetliligini has-da dabaralandyrmakda, jemgyýetimizi mundan beýläk hem jebisleşdirmekde, agzybirligi berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy bolan halkyň öz häkimiýetini amala aşyrmaga bolan konstitusion hukuklarynyň ýurdumyzda nusgalyk derejede üpjün edilýändigini aýdyň görkezýär. Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda möhüm çözgütleri köpçülik bilen maslahatlaşyp kabul etmegiň özboluşly institutyny kemala getiripdir. Jemgyýetiň abadançylygy, ösüşi, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady kadalary bilen bagly çözgütleriň ählisi il-gün bilen geňeşilip kabul edilipdir. Munuň özi jemgyýeti dolandyrmagyň adalatly, demokratik nusgasy bolup, ýaşuly nesliň durmuş tejribesine, akyldarlaryň pähim-paýhasyna, halk köpçüliginiň bähbitleriniň nazara alynmagyna esaslanypdyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem milli demokratik däplerimiziň müňýyllyklaryň synagyndan geçen tejribesiniň XXI asyryň talaplaryna kybap getirilip, konstitusion keşbe giren syýasy-jemgyýetçilik hadysasydyr. Häzirki döwürde Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan wekiller, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenler, işewürler, işçiler, daýhanlar, alymlar, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler girýär. Şeýle giň gerimli wekilçilik kabul edilýän çözgütleriň il-günüň bähbidine gyşarnyksyz eýermegini şertlendirýär. Täze taryhy döwürde asylly däp-dessurlar milli döwletliligiň binýadynda durýan gymmatlyklar hökmünde yzygiderli ösdürilýär. Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde däp-dessurlara diňe bir geçmişden galan miras däl-de, hakyky durmuş gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan gymmatlyklar hökmünde baha berilýär. Bu gün ýurdumyzda kuwwatly döwleti we jebis jemgyýeti gurmakda esasy ruhy-ahlak görkezijileri bolan agzybirlik, pähim-paýhas, watansöýüjilik ýaly gymmatlyklara daýanylýar. Döwletimiz bu gymmatlyklary hukuk ulgamyna hem işjeň ornaşdyrýar. Ýaşuly nesliň wekilleri ýurdumyzda abadançylygy berkitmekde, ýaş nesilleri terbiýelemekde we maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamakda uly hyzmatlary bitirýär. Häzirki zaman hukuk kadalarynyň halkymyzyň däp bolan ruhy ýörelgeleri bilen sazlaşdyrylmagy, döwletliligiň we dowamatlylygyň dabaralanmagy syýasy gurluşyň nusgalyk ýoluny kemala getirýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny ýokary derejede bellemäge taýýarlyk görýär. Bu şanly sene diňe bir baýramçylyk dabaralary bolman, eýsem, uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barlan döredijilikli syýasata baha bermegiň hem-de ösüşiň täze gözýetimlerini kesgitlemegiň möhüm sepgidine öwrüler. Şunda halkyň erk-islegini döwletiň strategik meýilnamalaşdyrylyşy bilen utgaşdyrýan Halk Maslahatyna aýratyn orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklary hem bu hakykaty äşgär edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenilip, döwletimizi ösdürmek boýunça möhüm wezipeler kesgitleniler. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde kabul edilen Kararlara laýyklykda, ählihalk forumyna taýýarlyk görmek boýunça ýörite guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi, syýasy-jemgyýetçilik çäräniň geçiriljek wagty we gün tertibi kesgitlenildi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky möhüm çärä giň gerimli taýýarlyk işlerine badalga boldy.
Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.