Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

RYSGAL-BEREKEDIŇ NYŞANY

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly atmyradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha berkeýär, halky-myzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan giň göwrümli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, aýratyn-da, azyk bolçulygyny üpjün etmekde we telekeçiligi goldamakda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Belent maksatly beýik işler diňe parahatçylygyň, asudalygyň dabaralanýan ýurdunda agzybir, jebis ýaşaýan zähmetsöýer halk bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Türkmen halky hem gadymyýetden bäri merdanalyk, tutanýerlilik, zähmetsöýerlik häsiýetleri bilen şöhratlanyp gelýär we täze taryhy döwürde-de mynasyp zähmet ýeňişlerini dowamly gazanýar. Muňa eziz Diýarymyzyň gallaçy daýhanlarynyň ak bugdaýyň bol hasylyny öndürmekde gazanan ýokary netijesi aýdyň şaýatlyk edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaýyň tabşyrylmagy, galla oragy möwsüminiň gyzgalaňly dowam etmegi azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädimdir. Döwlet Baştutanymyzyň hususy pudagy ösdürmek boýunça tagallalary milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna güýçli itergi berýär. Bu gün Türkmenistan döwletimiziň ak bazarlarynda we söwda merkezlerinde önümleriň bolçulygyny görüp, kalbyň buýsançdan dolýar. Türkmen telekeçileri öndürýän önümleriniň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak üçin dünýäniň iň kämil tejribelerini durmuşa ornaşdyrýarlar. Ýurdumyzyň dürli künjeginde gurlup ulanmaga berilýän döwrebap önümçilik desgalary döwletimiziň azyk bolçulygyny has-da berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, ýokary hilli, elýeterli we ekologik taýdan arassa önümler bagtyýar maşgalalaryň gündelik sarp edýän harytlaryna öwrüldi. Ýerli önümçilikleriň artmagy diňe bir halkymyzyň ösen islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, täze iş orunlarynyň döredilmegine-de ýardam edýär. Şäherlerimizde we obalarymyzda hereket edýän häzirki zaman dükanlarynyň tekjelerini bezeýän ýerli harytlar, çörek we çörek önümleri, konditer harytlary ykdysady kuwwatymyzyň aýdyň nyşanydyr. Çünki häzirki wagtda hususyýetçileriň öndürijilikli zähmeti we döredijilikli gözlegleri netijesinde, bu önümleri ýokary hil derejesinde taýýarlap, alyjylara hödürleýän hususy taraplaryň, kärhanalaryň sany barha artýar. Bu ugurda öňdebaryjy hususy taraplaryň hatarynda «Çörekçi», «Talhan», «Balam», «Tomus», «Ýakymly» ýaly çörek önümlerine ýöriteleşen döwrebap kärhanalary bellemek bolar. Ýurdumyzda uly meşhurlyk gazanan bu haryt nyşanlaryna degişli kärhanalara ylmyň soňky gazananlaryna esaslanýan kämil tehnologiýalar ornaşdyrylyp, ýerli çig maldan taýýarlanylýan önümleriň görnüşleri ýyldan-ýyla baýlaşdyrylýar. Bu günki günde sarp edijilere hödürlenýän önümleriň hatarynda mele-myssyk türkmen tamdyr çörekleri bilen birlikde, fransuz bagetleri aýratyn orun tutýar. Berhizlik we saglyk üçin peýdaly bugdaýdyr çowdaryly, süýtli çörekler, kakadylan çörekler, halka görnüşli kökeler raýatlarymyz tarapyndan yzygiderli satyn alynýar. Öňdebaryjy enjamlar we awtomatlaşdyrylan ulgamlar adam zähmetini ýeňilleşdirip, önümiň arassaçylygyny iň ýokary derejede saklamaga ýardam edýär. Kärhanalaryň hünärmenleri önüm taýýarlamagyň gadymy we döwrebap usullaryny utgaşdyryp, gaýtalanmajak tagamlary döredýärler. Saçaklarymyzyň esasy bezegi bolan tamdyr çöreginiň milli bişiriliş usullary häzirki zaman önümçiliginde hem goralyp saklanylýar. Täzeçil tehnologiýalar önümleriň uzak wagtlap asyl durkuny we tagamyny ýitirmezligini kepillendirýär. Milli azyk senagatymyzyň oňyn ösüşini görkezýän ugurlaryň ýene-de biri konditer önümçiligi bolup durýar. Ýurdumyzyň konditer önümlerini öndüriji hususy taraplarynyň toplan baý tejribesi bu günki gün içerki bazary süýji-kökeleriň, waflileriň we şokoladlaryň dürli görnüşleri bilen doly üpjün edýär. Şol bir wagtda, türkmen konditer önümleriniň daşary döwletlerde hem uly islegden peýdalanýandygyny buýsanç bilen nygtamalydyrys. Bularyň ählisi ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça döredilýän giň mümkinçilikleriň iş ýüzündäki anyk miweleridir, şeýle-de türkmen telekeçileriniň desterhanlarymyzyň rysgalberekedi bolan çörek we çörek önümlerini, ýokary hilli konditer önümlerini öndürmekde gazanýan uly üstünligidir.

Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.