Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwlet özygtyýarlylygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyna uly ösüş-özgerişler, belent sepgitler bilen barýar. Bu baýram diňe bir taryhy sene däl, eýsem, halkymyzyň agzybirliginiň, milli ruhumyzyň galkynyşynyň we öňe barýan döwletimiziň kuwwatynyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyz ykdysadyýetiň pudaklarynda we durmuş ulgamynda uly üstünliklere ýetýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda milli gymmatlyklarymyz rowaçlanyp, özygtyýarly ösüşimiziň miweleri has aýdyň duýulýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde alnyp barylýan gurluşyklar, täze şäherleriň, obalaryň, zawod-fabrikleriň gurulmagy, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryndaky özgertmeler ýurdumyzyň barha kuwwatlanýandygynyň subutnamasydyr. Arkadag şäheriniň dünýä ülňülerine laýyk gelýän «akylly şäher» konsepsiýasy esasynda ösdürilmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady galkynyşynyň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda Türkmenistan bazar ykdysadyýetine örän oýlanyşykly, ädimme-ädim geçýär. Bu bolsa döwlet maksatnamalaryny takyk hasaplamalaryň we içgin seljermeleriň esasynda taýýarlamaga, akylly-başly, tutanýerli, işjeň we ynamly hereket etmäge mümkinçilik berýär. Bu çäreler bazar özgertmelerinde dogry netije berýär. Häzir geljekki ösüşler üçin maliýe, maddy-tehniki, guramaçylyk we beýleki möhüm ugurlar boýunça berk binýat döredilýär. Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösüşini maksatnamalaýyn esasda alyp barmaga uly üns berilýändigini aýtdy. Kabul edilýän maksatnamalar ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn we okgunly ösdürmegiň möhüm şerti bolup hyzmat edýär. Jemi içerki önümiň durnukly ösüşi uzakmöhletleýin geljek üçin göz öňünde tutulýan strategik maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly gazanylýar. Garaşsyz ösüşimiziň täze taryhy döwri halkymyz üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan wakalara we üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň ösüş ýagdaýyna halkara ykdysady-maliýe guramalary ýokary baha berýärler. Olar durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň uly öňegidişlik gazanandygyny aýdýarlar. Soňky ýyllarda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterim bolmagynda galmagy Watanymyzyň ösüşiň ajaýyp nusgasyny görkezýändigine şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmelerde, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we senagatlaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şonuň üçin ykdysadyýete goýulan iri maýa goýumlaryň köpüsi senagat pudagyny ösdürmäge sarp edilýär. Şu ýyl maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 68,5 göterimi önümçilik maksatly, 31,5 göterimi bolsa durmuş maksatly desgalary gurmaga gönükdirildi. Häzir ýurdumyzyň jemi içerki önüminde senagatyň paýy barha artýar. Türkmenistan agrar ýurtdan senagat taýdan ösýän ýurtlaryň birine öwrüldi. Türkmenistanyň ykdysady syýasatynda hususy pudaga aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan telekeçilere berilýän giň goldawlar, ýeňillikli karzlar, kämilleşdirilýän kanunçylyk binýady hususy pudagyň ösmegine itergi berýär. Telekeçilerimiz diňe bir ýurdumyzyň içerki bazarlaryny harytlar bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, önümlerini daşary ýurtlara eksport etmekde hem uly üstünlikleri gazanýarlar. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň köpelmegi bilen, halkymyzyň saçaklarynda bolçulyk üpjün edilýär. Importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleri öndürýän zawodlaryň gurulmagy ykdysady garaşsyzlygymyzy berkidýär. Täze açylýan hususy kärhanalar ýaşlarymyzy iş orunlary bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Hususyýetçilige berilýän uly goldawlar netijesinde, ýurdumyz ykdysady taýdan has-da berkäp, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ynamly gadam basýar. Telekeçileriň döredýän gymmatlyklary, amala aşyrýan maýa goýum taslamalary döwletimiziň kuwwatyna kuwwat goşýar. Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda, ýurdumyz özüniň ykdysady garaşsyzlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny we döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýüzüne buýsanç bilen görkezýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni, her bir işi biziň geljegimiziň has hem nurana boljakdygynyň kepilidir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda galkynýan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Baýrammyrat ATAÝEW , Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.