Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

AWAZA: BAÝ TEJRIBELER, GIŇ MÜM¬KIN¬ÇI¬LIK¬LE¬R

Bal­kan we­la­ýa­ty ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy, me­de­ni, sy­ýa­hat­çy­lyk taý­dan iň mö­hüm se­bit­le­ri­niň bi­ri­dir. Se­bi­tiň ösü­şin­de «Awa­za» milli sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň aý­ra­tyn or­ny bar­. Hä­zir­ki wagt­da Awa­za di­ňe bir dynç alyş mer­ke­zi bol­man, eý­sem, giň müm­kin­çi­lik­le­riň, dost­lu­gyň, hyz­mat­daş­ly­gyň we ösü­şiň me­ka­ny hök­mün­de hem ta­nal­ýar.

Ha­za­ryň türk­men ke­na­ry­na be­zeg be­rip otu­ran «Awa­za» milli sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy bu gün dün­ýä­de uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. De­ňiz ke­na­ryn­da­ky bu tä­sin te­bi­gy dynç alyş zo­la­gyn­da aja­ýyp şy­pa­ha­na, be­je­riş-sa­gal­dyş bö­lüm­le­ri­ni öz içi­ne al­ýan myh­man­ha­na­lar, ça­ga­lar sa­gal­dyş-dynç alyş mer­kez­le­ri, maş­ga­la bo­lup dynç al­mak üçin ni­ýet­le­nen kot­tej­ler, sport top­lum­la­ry gu­rul­dy. Amat­ly ho­wa şert­le­ri, Ha­zar deň­zi­niň ke­nar ýa­ka­sy­nyň şy­pa­ha­na kuw­wa­ty, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan, in­no­wa­si­ýa­lar­dan, öň­de­ba­ry­jy bi­na­gär­lik hem-de in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki çöz­güt­ler­den ugur alyn­ma­gy Di­ýa­ry­my­zy hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gyň, şy­pa­ha­na-dynç al­şyň, spor­tuň yk­rar edi­len mer­ke­zi­ne öwür­ýär. Awa­za­da dynç al­ýan­la­ryň sa­ny­nyň ýyl­sa­ýyn art­ýan­dy­gy­ny, ola­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­le­ri üçin ýo­ka­ry de­re­je­de hyz­mat edil­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Bu ýer­de göw­ne­jaý dynç al­mak ba­bat­da dö­re­di­len şert­ler hor­mat­ly Prezidentimiziň dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­nyň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Şol sy­ýa­sa­tyň esa­sy mak­sa­dy Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ösü­şi­ni, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr.

Gö­zel Awa­za­da iri hal­ka­ra fo­rum­lar, mas­la­hat­lar, me­de­ni çä­re­ler yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Olar dür­li ýurt­la­ryň we­kil­le­ri­ni bir ýe­re jem­läp, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. «Awa­za» milli sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň ösü­şi ýur­du­my­zyň sy­ýa­hat­çy­lyk müm­kin­çi­lik­le­ri­ni iler­let­mä­ge-de go­şant goş­ýar. Şo­ňa gö­rä, de­ňiz ke­na­ryn­da dynç al­şyň kö­pu­gur­ly top­lu­my­ny özün­de jem­le­ýän in­no­wa­sion şy­pa­ha­na dü­züm­le­ri iş­jeň ke­ma­la ge­ti­ril­ýär. Di­ňe bir türk­me­nis­tan­ly­la­ry däl, da­şa­ry ýurt­lar­dan hem köp san­ly myh­man­la­ry özü­ne çek­ýän sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bu giň möç­ber­li tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň esa­sy mak­sa­dy­dyr.

Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ta­gal­la­sy bi­len Türk­me­nis­tan­da hu­su­sy­ýet­çi­li­gi ös­dür­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň ha­ta­ry­na çy­ka­ryl­dy. Bal­kan we­la­ýa­tyn­da hem hu­su­sy pu­da­gyň pa­ýy ýyl­sa­ýyn ýo­kar­lan­ýar. Döw­le­ti­mi­ziň yl­my-teh­no­lo­gik öz­gert­me­ler sy­ýa­sa­ty­ny amala aşyr­mak­da, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň giň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­mak­da, se­na­ga­tyň, oba ho­ja­ly­gy­nyň, hyz­mat­lar ul­ga­my­nyň döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ös­dü­ril­me­gin­de türk­men te­le­ke­çi­le­ri uly iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. Tä­ze yk­dy­sa­dy ug­ruň he­re­ket­len­di­ri­ji güý­jü­ne öw­rü­len hu­su­sy­ýet­çi­ler wa­jyp äh­mi­ýet­li taslamalary dur­mu­şa ge­çi­rip, milli yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ös­dü­ril­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň mad­dy hal-ýag­da­ýy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­ýar­lar. Hu­su­sy ul­gam­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan, bäs­deş­li­ge ukyp­ly, eks­port ugur­ly önüm­le­ri ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen döw­re­bap önüm­çi­lik­ler işe gi­ri­zil­ýär. Şeý­le-de olar içer­ki ba­za­ry ýo­ka­ry hil­li önüm­ler bi­len üp­jün edip, eks­port ugur­la­ry­ny gi­ňeld­ýär­ler.

«Awa­za» milli sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ös­dü­ril­me­gi hu­su­sy te­le­ke­çi­ler üçin hem giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da bu ýer­de myh­man­ha­na hyz­mat­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti, söw­da mer­kez­le­ri, ulag hyz­mat­la­ry, sy­ýa­hat­çy­lyk bi­len bag­la­ny­şyk­ly beý­le­ki ugur­lar hu­su­sy pu­da­gyň iş­jeň gat­naş­ma­gyn­da ös­dü­ril­ýär. Te­le­ke­çi­le­riň gat­naş­ma­gyn­da gur­lan döw­re­bap des­ga­lar Awa­za­nyň gö­zel­li­gi­ni art­dy­ryp, aja­ýyp kün­je­ge dynç al­ma­ga gel­ýän­le­re ýo­ka­ry de­re­je­li hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýär. Şeý­le taslamalar yk­dy­sa­dy ösü­şi çalt­lan­dyr­mak bi­len bir­lik­de, we­la­ýa­tyň ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri­ni hem art­dyr­ýar.

Hor­mat­ly Prezidentimiziň: «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan­da te­le­ke­çi­li­ge döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän gol­daw gel­jek­de hem do­wam et­di­ri­ler. Äh­li ösüş­le­ri­mi­ziň, üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň, aba­dan­çy­ly­gy­my­zyň göz­ba­şy bo­lan mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň, ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň sa­ýa­syn­da te­le­ke­çi­le­ri­mi­ziň mun­dan beý­läk-de yh­la­sy­ny gaý­gyr­man, tu­tan­ýer­li zäh­met çek­jek­dik­le­ri­ne berk ynan­ýa­ryn» di­ýen söz­le­rin­den ruh­la­nyp, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da-da hu­su­sy pu­da­gyň ösü­şi­niň gel­jek­de-de dep­gin­li do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni ynam bi­len aý­dyp bi­le­ris. Çün­ki döw­let ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­ýän amat­ly işe­wür­lik şert­le­ri, be­ril­ýän ýe­ňil­lik­ler we gol­dawlar tä­ze taslamalaryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne giň ýol aç­ýar.

Hal­ky­my­zyň aba­dan, bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, ýur­du­myz­da hu­su­sy pu­da­gyň giň ge­rim­de ös­dü­ril­me­gi ba­bat­da ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri­niň mun­dan beý­läk-de ro­waç bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.

Toýmämmet HAJYÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.