Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BEDEW BATLY ÖSÜŞLER DOWAMAT DOWAM

Hormatly Prezidentimiziň: «Taryh beýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar» diýip belleýşi ýaly, ata Watanymyzyň şöhratly taryhynda öçmejek yz goýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy aýratynlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mundan beýläk-de berkidilmegi, Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň işjeň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Bu taryhy döwürde il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli ägirt uly işler amala aşyryldy, berk binýatly, ýokary derejede ösen, bäsdeşlige ukyply döwlet hökmünde ata Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýy has-da belende galdy. Gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda möhüm orny eýeleýän türkmen topragynda awtoulag we demir ýollaryň, ata-baba arzuw edilen köprüleriň gurluşyklary ýaýbaňlandyryldy. Diňe bir paýtagtymyzyň däl, eýsem, welaýatdyr etrap merkezlerimiziň, obadyr şäherçelerimiziň keşbi bütinleý özgerdi.

«Döwlet adam üçindir!» diýen şygary döwlet syýasatynda baş ýörelge edinen Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlaryndan kemal tapan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatymyzda halk hakyndaky alada esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendir. Garaşsyzlygymyzyň soňky ýyllarynyň içinde binýady berk tutulan halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli beýik özgertmeler jemgyýetimiziň we döwletimiziň ähli ulgamlaryny gurşap aldy. Ýurdumyzyň bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işiniň düýpli kämilleşdirilmegi, Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan desgalaryňdyr kärhanalaryň ýüzlerçesiniň bina edilmegi, hususyýetçileriň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ugrundaky tagallalar ildeşlerimiziň köňüllerine nur bolup ornaşdy.

Milli Liderimiziň ýurdumyza baştutanlyk edip başlan ilkinji günlerinden parahatçylyk, dostluk, doganlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini düzýän gymmatlyklara öwrüldi. Daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen gatnaşyklarda ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine laýyk gelýän ýörelgeler ileri tutulyp, Türkmenistan halkara bileleşikde öz mynasyp ornuny tapdy, dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde uly abraý-hormata eýe boldy. Eziz Diýarymyz il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän, halkara giňişliginde parahatçylyksöýüjilikli, hoşniýetli ýörelgeleri dabaralandyrýan, islendik jedelli meseleleriň çözgüdinde diňe pähim-paýhasa, ynanyşmaga daýanýan, ähli ugurlarda durnukly ösüşleri gazanýan döwlet hökmünde ykrar edildi.

Halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan parahatçylyksöýüjilik, dost-doganlyk däplerini özünde jemleýän Bitaraplyk syýasatymyzy ugur edinip geçilen otuz ýyldan gowrak wagtda Türkmenistan sebitde we dünýäde ynamly dost, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde öz ornuny berkitdi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň üç gezek ykrar edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikleridir. Bu üstünlikler halkymyzy jahan içre belent hormata, şan-şöhrata ýetirdi. Dünýä jemgyýetçiliginde döwletimiziň abraý-mertebesini beýgelden, halkymyzy çäksiz mähir-alada bilen gurşap alan Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Zerhal NARMÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy.