Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ykdysady kuwwatynyň, ählitaraplaýyn ösüşlerimiziň we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň dünýä nusgalyk keşbi «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň mysalynda aýdyň şöhlelenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallasy we uzak geljegi nazarlaýan başlangyjy bilen bina edilýän döwlet ähmiýetli şäher täze taryhy döwrüň giň gerimli şähergurluşyk taslamasy bolup, ol häzirki zamanyň döwrebap «akylly» tehnologiýalarynyň, innowasiýalarynyň arassa ekologiýa gurşawy bilen özboluşly sazlaşygyny alamatlandyrýan «ýaşyl» şäheriň ajaýyp nusgasydyr.
Hormatly Prezidentimiz: «Arkadag şäheri döwrebap desgalary bilen taryhymyzyň altyn sahypalaryna ýazylar» diýip, örän jaýdar belleýär. Çünki uly dabara bilen açylanyna, ýaňy üç ýyl bolan bolsa-da, şähergurluşyk taslamasynyň giň gerimde we çalt ýaýbaňlandyrylmagy bilen, täze şäher bu günki gün dünýäniň ösen, döwrebap şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär.
Arkadag şäheriniň «akylly» hem-de «ýaşyl» şäher konsepsiýalaryna doly kybap gelýändigi üçin abraýly halkara guramalaryň ençeme güwänamalaryna, sylaglaryna mynasyp bolmagynda bu ugurda durmuşa geçirilýän giň gerimli we uzak geljegi nazarlaýan işleriň ähmiýeti aýdyň görünýär. Bilşimiz ýaly, mundan üç ýyl ozal, Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berlendigini hem buýsanç bilen nygtamak zerur. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Türki dünýäniň inženerler we arhitektorlar birleşiginiň, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Ginnesiň rekordlar kitabynyň we beýleki birnäçe düzümleriň, ýöriteleşdirilen edaralaryň degişli sylaglary bilen sylaglanylmagy Köpetdagyň eteginde kemala gelen Arkadag şäheriniň gurluşygynda ulanylan öňdebaryjy tehnologiýalara, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine, «akylly» we «ýaşyl» şäher çemeleşmelerine, ekologik we binagärlik aýratynlyklaryna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändigini tassyklaýar.
Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragy we güwänamalary hem Arkadag şäheriniň nobatdaky halkara üstünligidir. Täze şäheriň binagärlik we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän görkezijilerine berlen bu ýokary baha ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda adam hakdaky aladanyň ileri tutulýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem ol täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini alamatlandyrýar. Ýagny Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede hasaba alynmagy, olaryň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy esasynda tassyklanmagy Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň we egsilmez yhlasynyň aýdyň netijesidir. Bu ugurda amala aşyrylýan ägirt uly işleri, hil dolandyryş ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar we gazanylýan üstünlikler üçin «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp saýylmagynda-da aýdyň görünýär. Şeýle hem munuň özi lukmançylyk klasteriniň saglygy goraýşa degişli serişdeleriniň, çagalar iýmitleriniň, zyýansyzlandyryş sargylarynyň we stomatologiýa degişli önümleriniň hil derejesiniň halkara ölçeglere laýyk gelýändigini alamatlandyrýar.
Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen amatly şertler, giň mümkinçilikler ýurdumyzda ýaş nesil hakynda edilýän aladalaryň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem şäheriň görküne görk goşýan döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi we beýleki düzümler ýurdumyzda halkyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan döwlet syýasatynyň dabaralanýandygyny tassyklaýar.
«Akylly» şäher şol bir wagtyň özünde ruhy-medeni galkynyşyň hem-de ylym-bilimiň gülleýän mekanydyr. «Ruhyýet köşgi», Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, şöhratly taryhymyzyň ajaýyp gymmatlyklaryny aýap saklaýan Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki we beýlekiler bu hakykaty äşgär edýän desgalardyr. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi we beýleki ýöriteleşdirilen mekdeplerdir çagalar baglary ýaş nesle kämil derejede bilim we terbiýe bermek ugrundaky tagallalaryň rowaçlanmagyna ýardam edýär.
Köpetdagyň eteginde ýerleşýän şäherdäki 258 sany köp gatly, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, şäheriň dolandyryş-edara ediş binalaryny, şeýle hem dünýä ülňülerine kybap gelýän sport toplumlaryny, bilim we medeni ojaklaryny, seýilgählerdir şaýollaryny synlanyňda, göwnüň göterilip, ajaýyp döwrümize buýsanjyň artýar.
Häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyk işleri güýçli depginde dowam edýär. Bu ýerde jemi 140-a golaý dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy göz öňünde tutulandyr. Bu tapgyr, esasan, şäheriň senagat, ykdysady we hyzmatdaşlyk kuwwatyny berkitmäge, innowasion tehnologiýalar we önümçilik bilen bagly düzümleri döretmäge gönükdirilendir. Ekologiýa taýdan arassa önümçilik kärhanalary we beýleki durmuş desgalary gurulýar. Şäheriň ykdysady we senagat strategiýasynyň özenini ýerli çig mallara esaslanýan we ekologik talaplara doly laýyk gelýän önümçilikleri ýola goýmak ýörelgesi düzýär. Şunda ýörite döredilýän lukmançylyk klasteriniň orny uludyr. Bu klaster ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerinden, ýerli dermanlyk ösümliklerinden we mineral çig mallaryndan peýdalanyp, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri öndürmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa milli derman senagatynyň daşary ýurtlardan getirilýän önümlere garaşsyzlygyny üpjün etmäge we eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge uly goşant goşar. Şunuň bilen bir hatarda, Çeper halyçylyk kärhanasynyň hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň gurulýandygyny aýratyn nygtamak zerur. Şöhraty dünýä dolan türkmen halyçylyk sungatynyň gadymy däplerini häzirki döwrüň tehnologik mümkinçilikleri bilen utgaşdyrjak bu düzümler ýüzlerçe täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder. Öndüriljek ajaýyp halylar diňe bir täze şäheriň durmuş binalaryny bezemek bilen çäklenmän, milli gymmatlyklarymyzy bütin dünýäde dabaralandyrar. Gurulýan nurana metjit hem ýurdumyzda pederlerimiziň ruhy-ahlak, sahawatlylyk ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar. Onuň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylmagy bagtyýar ildeşlerimizde uly hoşallyk döretdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly tagallalary bilen, Arkadag şäheri ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleriniň çawuny äleme ýaýyp, ajaýyp döwrümiziň nury bilen barha gözelleşýär, ösýär, özgerýär.
Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.