Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygy barada alada etmek, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny, sporty ösdürmekde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde ýetilen sepgitler muňa buýsançly subutnamadyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde ýetilýän belent sepgitleriň gözbaşy bolup durýar. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilýän iri sport çäreleri, halkara ýaryşlar we abraýly bäsleşikler sport ulgamynyň günsaýyn ösdürilýändigini aýdyň görkezýär.
Aziýa oýunlary, dünýä çempionatlary we beýleki halkara derejeli ýaryşlarda türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri her birimiziň ýüregimizde buýsanç duýgusyny döredýär. Bu ýeňişler diňe bir sportuň ösüşini däl, eýsem ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny hem subut edýär. Sport ynsan ömrüniň müdimilik hemrasy. «Herekete — bereket» diýýän türkmen halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda köp hereketi talap edýän we ynsan saglygyna öz täsirini ýetirýän welosipede has-da uly üns berýär. Bu bolsa ýurdumyzda welosportuň ýokary derejede ösýändiginiň, giň gerim alýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Taryhyň sahypalary sportuň ynsan saglygyna peýdasynyň, ynsanyň sporta bolan söýgüsiniň soňsuzdygyny äşgär edýär. Sport diňe bir sagdynlygyň, ruhubelentligiň gözbaşy däl, eýsem parahatçylygyň hem kepilidir.
Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmakda, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmakda gymmatly durmuş ýörelgeleri kemala geldi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde halkara sport ýaryşlarynyň ýokary derejede geçirilýän künjekleriniň biri hökmünde hem giňden tanalýar. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä Saglyk güni adamzadyň baş baýlygynyň – saglygynyň bahasyzdygynyň nyşany bolup, dünýä ýüzünde 70 ýyldan gowrak wagt bäri iň arzyly günleriň biri hökmünde giňden bellenilýär. 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy döredilip, hut şol gün hem bu gurama tarapyndan 1950-nji ýyldan başlap, «Bütindünyä saglyk gününi bellemek hakyndaky» Karar kabul edilipdi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hem bu guramanyň agzalygyna kabul edilen gününden bäri gurama bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Bu işleriň netijesinde ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygy artýar. Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralarynda, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetirilýär.
Bütindünýa saglygy goraýyş guramasynyň 2026-njy ýyla çenli saglygyň ählumumy derejesini we onuň ösüş meýillerini häsiýetlendirýän çaklamalaryna laýyklykda, adamlaryň ömrüniň dowamlylygynyň artmagy we lukmançylyk üpjünçiliginiň ýokarlanmagy netijesinde dünýä ilatynda uzak ýaşlylaryň sanynyň köpelmegine garaşylýar. Biziň ýurdumyzda hem Bütindünýä Saglyk güni özboluşly, millilige ýugrulan äheňlerde, dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Bu ynsan saglygyna, bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramdyr.
Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri saglygy baş baýlyk hasaplapdyr. Halkyň sagdynlygynyň bagtyýarlyga ýol açýandygy baradaky garaýşy nesilden-nesle geçip, adamlaryň aňyna siňipdir. Irki döwürde bir akyldaryň aýdyşy ýaly, saglyk – ynsanyň başynyň täji hasaplanýar.
Diýarymyzda şypahana-dynç alyş ulgamy ýurdumyzdaky we daşary döwletlerdäki tejribäniň iň gowularyny özünde jemleýär. Bu ýerde melhemli mineral çeşmeler – suw we palçyk bilen bejermek usullary, ýerli ösümliklerden taýýarlanylan dermanlyk serişdeleri we beýleki tebigy serişdeler giňden ulanylýar. Munuň özi beden sagdynlylygyny pugtalandyrmaga, saglygy dikeltmäge, adamyň kesellere garşy durmak ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Eziz Diýarymyzda göwnejaý derejede dynç almak mähriban topragymyzyň melhem güýjünden kuwwatlanyp, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp-ösmeginiň bähbidine mundan beýläk-de döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertler döredilýär.
Ýurdumyzy sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwren, halkymyzyň sagdyn, ruhubelent we bagtyýar durmuşy barada edýän çäksiz aladalary üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.