Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem iň uly gymmatlykdyr. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Asylly däbe görä, her ýylyň aprel aýynyň başynda bedenterbiýe we sport çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. 7-nji aprelde bolsa Watanymyzda uly dabaralara beslenen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişiň guralmagy uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerýän ildeşlerimiziň müňlerçesi paýtagtymyzyň giň şaýollary bilen sazlaşykly hereket edip, welosipedli ýörişi amala aşyrýarlar. Welosipedli ýörişiň geçýän ýolunyň ugrunda ajaýyp zamanamyzyň üstünliklerini, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, sagdynlygy we sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryň ýaýbaňlandyrylmagy oňa gatnaşyjylary ýoly üstünlikli geçmäge ruhlandyrdy.
Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, beýleki degişli maksatnamalar, şäherlerde we obalarda saglygy goraýyş hem-de sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş edaralary we şypahanalar, sport desgalary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri gurlup, ozal hereket edýän ugurdaş desgalar döwrebaplaşdyryldy. Bu ugurdaky işlere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem işjeň gatnaşýarlar. Türkmen işewürleri sport desgalaryny, saglyk merkezlerini, ilatyň dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin şypahanalary, seýilgäh zolaklaryny döretmekde jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözýärler.
Soňky ýyllarda türkmen telekeçileri daşary ýurt harytlarynyň satuwyndan importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligine geçmegi başardylar. Bu bolsa harytlaryň özüne düşýän gymmatyny, şonuň bilen birlikde-de bahasyny peseltmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri ýerli dokmadyr deri önümlerinden çagalar we ulular üçin niýetlenen ýokary hilli sport lybaslaryny, aýakgaplaryny öndürýärler. Bu önümleriň ekologik taýdan arassa bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary «Röwşen», «Gerçek», «Muhammet-Balkan», «Isim» ýaly haryt nyşanlary bilen ýokary hilli sport aýakgaplarynydyr lybaslaryny öndürýärler. Bulardan başga-da, plastikden sport enjamlaryny, gorag serişdelerini öndürýän hususyýetçileriň sany artýar. Şolaryň hatarynda «Görkana ak ýol» hususy kärhanasynyň sport desgalarynda tomaşaçylaryň oturmagy üçin niýetlenip, gün şöhlesiniň, ýagyşyň, ýeliň we beýleki tebigy täsirleriň güýjüni durnukly bolan täze oturgyçlary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sport we bedenterbiýe hyzmatlaryny hödürleýän hususy düzümleriň gerimi hem barha giňeýär.
Innowasion tehnologiýalary ulanyp, importyň ornuny tutýan sport lybaslarynyň, enjamlaryň öndürilmegi, ugurdaş hyzmatlaryň ýola goýulmagy hususy pudak tarapyndan döwletimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň giňden goldanylýandygyny tassyklaýar. Şunuň bilen birlikde, türkmen telekeçileri ýurdumyzda guralýan sport ýaryşlarynyň we bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň guramaçylyk işlerinde, şeýle hem türgenleri halkara ýaryşlara taýýarlamakda uly işjeňlik görkezýärler.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ajaýyp bahar paslynda paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň sebitlerde geçirilen köpçülikleýin baýramçylyk çäreleri, ýaryşlardyr bäsleşikler parahatçylyk we sagdynlyk medeniýetiniň, ählumumy abadançylygyň, gülläp ösüşiň möhüm bölegi hökmünde halkara sport we ekologik hereketiň ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär.
Ata Watanymyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekanyna öwürmek ugrunda tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Aýna SARYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.