Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

ÖSÜŞ WE HYZMATDAŞLYK MEÝDANÇASY

Häzirki döwürde halkara sergiler dünýä ykdysadyýetinde, syýasatynda hem-de medeni hyzmatdaşlygynda möhüm orun eýeleýär. Şolaryň arasynda aýratyn orny bolan çäreleriň biri hem «Ekspo» görnüşindäki halkara sergilerdir. Bu sergiler dürli döwletleriň ykdysady mümkinçiliklerini, täze tehnologiýalaryny, innowasion çözgütlerini hem-de ösüş ugurlaryny görkezýän giň möçberli halkara meýdança bolup hyzmat edýär. «Ekspo» diňe bir ykdysady ösüşi görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, tejribe alyşmaga we umum adamzat meseleleriniň çözgütlerini gözlemäge uly goşant goşýar. Şonuň üçin hem, «Ekspo» sergileri häzirki döwürde ösüşiň we hyzmatdaşlygyň möhüm meýdançasy hökmünde çykyş edýär.

2026-njy ýylyň 13-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, «Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin» mowzugynda geçiriljek sergä taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzyň milli pawilýonynyň gurluşyk gurnama, enjamlaşdyryş we bezeg işleri boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu sergä döwletimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany» diýen şygar bilen gatnaşar.

Şol mejlisde hormatly Prezidentimiz halkara sergileriň ähmiýeti barada aýratyn durup geçdi. Häzirki zaman şertlerinde şeýle çäreler döwletleriň ykdysady ösüşini höweslendirmekde, täze maýa goýumlary çekmekde we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm orun eýeleýär. Şeýle sergiler ýurtlaryň önümçilik mümkinçiliklerini, ylmy-tehniki ösüşlerini hem-de innowasion taslamalaryny dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmaga şert döredýär.

«Ekspo» sergileri dünýäniň dürli ýurtlarynyň ykdysady, ylmy we medeni üstünliklerini bir ýere jemleýän iri halkara çäreleriň biridir. Şeýle sergiler innowasiýalaryň, täze tehnologiýalaryň we döredijilikli pikirleriň giňden tanyşdyrylmagyna mümkinçilik döredýär. «Ekspo» sergileriniň ykdysady ähmiýeti örän giňdir. Bu çäreler döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, täze hyzmatdaşlary tapmaga hem-de maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam edýär. Sergilere dürli ýurtlaryň kompaniýalary, telekeçileri, halkara guramalar we maliýe institutlary gatnaşyp, täze taslamalar boýunça hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Netijede, şeýle çäreler halkara ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegine oňyn täsir edýär. Şol bir wagtyň özünde, «Ekspo» görnüşli sergileriň syýasy giňişlikdäki ähmiýeti hem uludyr. Şeýle halkara çäreler döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge, ynam dörediji dialogy berkitmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Döwletleriň ýolbaşçylarynyň, hökümet wekilleriniň, halkara guramalaryň we işewür toparlaryň gatnaşmagynda geçirilýän duşuşyklar halkara gatnaşyklaryň ösdürilme- gine uly goşant goşýar. Şeýle çäreler, köplenç, döwletleriň arasynda täze hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň baglaşylmagyna hem ýol açýar.

«Ekspo» sergileri ylmy-tehnologik ösüş nukdaýnazaryndan hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu çärelerde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary we ylmy merkezleri özleriniň täze tehnologiýalaryny, innowasion taslamalaryny we geljegiň ösüş ugurlaryny görkezýärler. Şeýlelikde, ýurtlaryň arasynda bilim we tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Mundan başga-da, halkara sergiler döwletleriň medeni gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem uly goşant goşýar. Sergilerde dürli ýurtlaryň milli däp-dessurlary, medeni gymmatlyklary we sungaty görkezilýär. Bu bolsa halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de özara düşünişmegi ösdürmäge ýardam edýär.

Türkmenistanda hem halkara derejedäki sergileri guramak boýunça uly tejribe toplanyldy. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän sergiler we forumlar ykdysady ösüşiň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Bu çäreler ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçiliklerini, ykdysady kuwwatyny we telekeçilik ulgamynyň ösüşini dünýä jemgyýetçiligine görkezmekde möhüm orun eýeleýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergi hem möhüm halkara çäreleriň biri boldy. Bu sergi ýurdumyzyň hususy pudagynyň gazanan üstünliklerini görkezmek bilen birlikde, halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegine hem uly goşant goşdy. Halkara forum ýokary derejede guralyp, onda dürli ýurtlaryň işewürleriniň, maýadarlarynyň we bilermenleriniň gatnaşmagynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçilikleri, maýa goýum taslamalary we telekeçilik ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Umuman aýdanyňda, halkara sergiler häzirki döwürde döwletleriň ykdysady ösüşinde, halkara hyzmatdaşlygyň giňelmeginde hem-de dünýä syýasy giňişligindäki gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi döwletleriň arasynda özara ynamy pugtalandyrmaga, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de dünýä ösüşine täze mümkinçilikleri döretmäge hyzmat edýär.

Setdar SETDAROW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.