Halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli demokratik däpleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirilýär. Çünki ara alyp maslahatlaşmak däbi gadymy döwürlerden biziň günlerimize ýetip gelmek bilen, ol halkyň, ýurduň möhüm meselelerini, mizemez durmuş ýörelgelerini dessurlaryny ajaýyp däplerini jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne, ösüşiň özenine öwrüpdir. Munuň hakykatdan-da şeýledigine golaýda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň geçirilmeginiň, onuň barşynda Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere resmi taýdan badalga berilmeginiň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris.
Türkmen halkynyň milli öz boluşlylygy maslahatlarda, ýagny geňeşlerde öz beýanyny tapypdyr. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýlişi ýaly, bu ýörelge müňlerçe ýyl bäri türkmenleriň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik ýörelgeleriň birine öwrülipdir. Häzirki wagtda Halk Maslahaty şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetlilik baradaky däpleriniň dowamat-dowamy bolup, ol hakyky halk demokratiýasydyr, döwletli işlere başlangyçdyr, badalgadyr. Şu jähetden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Adamzadyň taryhy tejribesiniň tassyklamagyna görä, hukuk düzgünleri halkyň, jemgyýetiň, döwletiň durmuşynda ählumumy ylalaşygyň hem-de raýat agzybirliginiň saklanmagynyň girewi hökmünde kemala gelipdir. Onuň düýp mazmunyny ýokary ahlak gymmatlyklary—ygrarlylyk, ynsanperwerlik, ähli adamlaryň bähbitleriniň deň tutulmagy ýaly kadalar düzüpdir. Şoňa göräde, Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmak bilen, ähli raýatlarymyzyň hukuklary berk goralýar, beýik işleriň hemmesi halk bähbidine gönükdirilýär, ilatymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen nusgalyk özgertmeler durmuşa geçirilýär. Hususanda, döwletliligiň, agzybirligiň, abadançylygyň, rowaçlygyň berk binýady bolup durýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, onuň döwletimizde, jemgyýetimizde tutýan ornunyň uly bolmagy döwlet dolandyryşynda gadymy oguz däplerine esaslanýan demokratiýanyň ýokary derejede äşgär ýüze çykmasydyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aňladyp, syýasaty öwreniş iň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr. Sebäbi munuň özi halkyň wekiliniň döwleti dolandyryş işine gatnaşygy babatda ýokary mümkinçiliklerini görkezýär» diýip belleýär.
Şoňa göräde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hormatly Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň üstümizdäki ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz tarapyndan şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça degişli tabşyryklaryň berlendigine ünsi çekdi.
Ýeri gelende bellesek, mejlisde Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hemde ony guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlaryna gol çekdi. Degişli resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasynyň taýýarlanylmagynyň maksada laýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde degişli ýolbaşçylaryň geljek ýylda ilatymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini mundan beýläkde ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleri seljermelidigi aýdyldy. Ýurdumyzy ösdürme giň söwda ykdysady, senagat, önümçilik, dolandyryş, kanunçylyk hukuk, hyzmat ediş we medeni durmuş ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler baradaky hem-de geljek üçin giň mümkinçilikleri açýan maglumatlary, şol maglumatlar esasynda taýýarlanan teklipleri gysga wagtda işläp düzüp, olary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermek tabşyryldy. Şular bilen bir hatarda, hormatly Arkadagymyz «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň guramaçylyk topary bilen bilelikde alyp barmaly işlerini kesgitledi.
Öňde goýlan bu möhüm wezipelere laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, deputatlar, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden ýaýbaňlandyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek, halk köpçüligine düşündirmek möhümdir. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna soraglary taýýarlamak we resminamalaryň taslamalaryny guramaçylyk toparynyň ýygnaklarynda deslapdan ara alyp maslahatlaşmak, bu möhüm syýasy jemgyýetçilik çäresine taýýarlyk görmegiň çäklerinde welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek, raýatlardan gelip gowşan tekliplere we beýleki ýüztutmalara garamak, olary hasaba almak, umumylaşdyrmak boýunça işleri alyp barmak hem-de beýlekiler wajyp wezipeleriň hatarynda durýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berildi. Hususanda, Gahryman Arkadagymyz 12-nji dekabrda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyny hem-de beýleki çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin düýpli taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu çäreleri talabalaýyk guramak boýunça öňde duran wezipelerdir ýerine ýetirilmeli işler barada giňişleýin durup geçdi, gymmatly maslahatlaryny berdi.
Şeýlelikde, ata-babalarymyzyň nesillere miras goýan pähim-paýhaslylyk mekdebiniň, döwleti dolandyryş tejribesiniň dowamaty bolan umumy milli forumda iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar, döwletli çözgütler kabul ediler. Milli ykdysadyýetimiz iň dürli pudaklarynda zähmet çekýän watandaşlarymyzyň, aksakgallarymyzyň, ak saçly enelerimiziň, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň pikirleri, teklipleri diňleniler, ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halkyň arasynda uly abraýdan peýdalanýan ildeşlerimize döwlet sylaglary gowşurylar, hormatly atlar dakylar. Halkyň bähbidine gönükdirilen döwletli başlangyçlara halk bilen geňeşilip ak pata berilmegi ýurdumyzyň syýasy jemgyýetçilik gurluşynyň demokratik esasda üstünlikli ösdürilýändiginiň, eziz halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşendiginiň aýdyň nyşanydyr.
Oguljeren KAZAKOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy.