Ynsan ömri tebigat bilen aýrylmaz baglydyr. Toprak, ýaşyl baglar, arassa howa ynsan ömrüniň uzalmagynda, röwşen ömürleriň dowamatynda möhüm ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologiýa abadançylygyny gorap saklamaga aýratyn uly üns berilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken taryhy Karary esasynda «Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen ýurdumyzda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine giň ýollar açylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde her ýylda bag ekmek möwsüminiň çäginde birnäçe bag nahallarynyň oturdylmagy ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine ýardam edýär.
Bilşimiz ýaly, ekologiýa meseleleri halkara derejedäki meseleleriň hatarynda kesgitlenilendir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda öňe sürülýän halkara başlangyçlar möhüm ähmiýete eýedir. Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ekologiýa babatynda hyzmatdaşlyga aýratyn uly orun berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň 5-nji iýunynda dünýä bileleşigi bilen birlikde ýurdumyzda hem Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenip geçilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde birnäçe iri taslamalar amala aşyryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi bilen baglylykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dürli bag nahallary oturdylýar. Her ýylda millionlarça bag nahallarynyň oturdylmagy tebigatyň gözelligine-de gözellik goşýar. Halkymyzda bag ekmek haýyrly, döwletli iş hasaplanypdyr. «Bag ekseň ýaşyň baky», «Bagym bar – barym bar» diýen ýaly parasatly pähimler hem halkymyzyň bagçylyga uly ähmiýet berendigine şaýatlyk edýär. Ussat şahyrlarymyzyň: «Kimde kim bir nahal ekse ýadygär, dünýäň kitabynda onuň ady bar» diýen joşgunly setirleri dillerimizde nakyla öwrülip gidipdir. Hakykatdanam, bag özümize däl, ömrümize saýa salýar. «Bag ekseň ýaşyň baky» diýen dana pähimde çuňňur many bardyr. Her bir eken bagyň saýasynda dynç alan adamyň saňa hemişe alkyş aýtmagy seniň ýaşyň baky bolmagyna sebäpdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Älem içre adam gezmez, at gezer» çuňňur manyly setirleri, megerem, bag ekmek bilen bagly bolsa gerek.
Taryha ser salyp, halkymyzyň şeýle dana pähimleri döredendiginden çen tutsaň, ekologiýa terbiýesi biziň milli ýörelgelerimiz bolup durýandygyna güwä geçýär. Nesil terbiýesinde ekologiýa meselesine aýratyn ornuň berlendigine hem ünsi çekmek möhümdir. Her bir ata-ene öz öýüniň howlusynda ilki bilen çagasyna bag ekmegi öwredipdir. Nahal ekip düýbüne suw guýup, oňa ideg etmegi çagasyna wesýet edipdir. Munuň özi diňe bir öýde däl, çaganyň geljegi üçin uly ähmiýete eýe bolupdyr. Hut şonuň üçin hem türkmen halky ekologiýa abadançylygyna irki döwürlerden ähmiýet berip gelen halk hökmünde tanalýar. Bu asylly ýörelgeleriň, däpleriň hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilmegi diýseň buýsandyryjydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bahar paslynda hem bag ekmek möwsümi geçirildi. Onuň dowamynda dürli görnüşli bag nahallarynyň millionlarça düýbüniň oturdylmagy ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine ýardam edýär. Her ýylda bag ekmek möwsümine hormatly Prezidentimiziň hut özüniň görelde görkezmegi ildeşlerimizi has-da buýsandyrýar.
Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň hususy telekeçileri hem bu asylly ýörelgelere mynasyp goşant goşýarlar. Hususy telekeçilerimiziň tagallasy bilen ýörite şitilhanalaryň, gülçülik toplumlarynyň döredilmegi, olarda tebigatymyzyň aýawly saklanýan bag nahallarynyň, gülleriň dürli görnüşleriniň sanynyň artdyrylmagy diýseň buýsandyryjydyr. Şeýle hem dünýä döwletlerinde gözelligi bilen tapawutlanýan bezeg baglarynyň dürli görnüşleriniň ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylyp, ýurdumyzda ekmek üçin mümkinçilikleriň döredilendigini bellemek gerek. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Arkadag şäherinde hem-de welaýat merkezlerinde gözelligi bilen tapawutlanýan dürli bag nahallarynyň hususy telekeçilerimiz tarapyndan ýetişdirilendigini bellemek buýsançlydyr. Şeýle hem ýurdumyzda bagçylygy ösdürmek üçin ýörite ýer bölekleriniň we uzak möhletli karz serişdeleriniň berilmegi «ýaşyl» dünýäniň gözelliginiň artmagyna şert döredýär.
Halkymyzyň abadançylygy, ata Watanymyzyň ýaşyl ýazlar deýin joşgunly hem-de gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan ähli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.