Bagtyýar zamanamyzyň hözirini görýän agzybir halkymyz täze taryhy döwrümiziň şöhratly sahypalaryny altyn harplar bilen ýazjak şanly ýyllaryň ajaýyp günlerinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna ruhubelentlik bilen ynamly öňe barýan türkmen halkymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny dowamat dowam edýän, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda erkana ýurdumyz şanly ösüşlere beslenýär.
Döwletimiziň esasy Kanunynda her bir adamyň tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçlarynyň berkidilmegi olaryň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagynyň kepili bolup durýar.Ýurdumyzda ekologiki bilime we terbiýä möhüm ähmiýet berilmegi ýaş nesliň bu ugurda sowatly, daşky gurşawy goramaga mynasyp goşandyny goşup biljek adamlar bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini alamatlandyrýar. Ekologiýa abadançylygy - durnukly ösüş konsepsiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler häzirki günde özüniň oňyn netijelerini berýär. Çünki ynsanyň ömri, örki, ykbaly-tebigat bilen sazlaşykda bolýar. Ýurdumyzda adamlaryň arasynda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, ekologiýa howpsyzlygy babatyndaky maglumatlar bilen ilaty habarly etmek, tebigaty goramagy wagyz-nesihat etmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylýar.
Ýurduň abadançylygyna gönüden-göni täsir edýän möhüm ekologik meselelerini toplumlaýyn, ulgamlaýyn we ählitaraplaýyn çözmek, ýagny deňagramly ösüş ýörelgesi Hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasyny düzýär.
Milli Liderimiz ýurtda hem-de dünýäde «Ýaşyl» we «Akylly» ekoulgamy ösdürmekde garaýşymyzyň many-mazmunyny goňşy dostlygy - Hytaýda geçirilen «Bir guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahatynda has düşnükli we anyk aýtmagy elbetde sözüň doly manysynda öz içine alýar. Önümçilik işiniň we daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy gazanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar. Daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynda hemişe üns merkezinde saklanýar.
Türkmenistan baý we täsin ösümlikli haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Tebigatyň eçilen bu ajaýyp gözelligini gorap saklamak, ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek häzirki döwrüň esasy aýratynlygydyr. Şu jähetden hem ýurdumyz bagy-bossanlyga bürenýär, tebigat bilen sazlaşykda ýaşamaga yhlas edilýär, tebigaty goramak babatda durmuşa geçirilýän işler barha rowaçlanýar. Döwletimiziň «Ýaşyl» syýasaty, şol sanda ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alan bag ekmek maksatnamasy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, daşky gurşawy goramaga, biodürlüligi saklamaga hem-de rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Tebigaty goramagyň we tebigatdan peýdalanmagyň netijeliligini üpjün etmek üçin halk hojalygynyň pudaklarynyň arasyndaky sazlaşygy gazanmak, ykdysadyýeti ekologiýa taýdan howpsuz ösdürmek, döwletiň ekologiýa syýasatyny ylmy-amaly taýdan esaslandyrmak, ilatyň sanitar-epidemologik howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigaty goramakda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça uly üstünlikler gazanylýar. Ata Watana, ene topraga söýgi onuň gözel tebigatyna bolan söýgi bilen aýrylmaz baglanyşykydyr. Watanymyzyň gaýtalanmajak ajaýyp tebigaty nesillerde watansöýüjiligi terbiýelemekde baş serişde, maglumatlara baý, esasy görkezme esbap bolup hyzmat edýär.
Ekologiýa howpsuzlygy şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygynyň düzüm bölegidir. Çünki ekologiýa abadançylygy bu - sagdyn durmuşyň, sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň bellärlikli kepilidir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun! Il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Annadurdy WALLAKOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary.