Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli ulgamlar bilen bir hatarda daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigatymyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamak bilen bagly wajyp wezipeleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Sebäbi, bu ugur Arkadagly Serdarymyzyň ekologiýa babatdaky abadan geljegimizi nazarlaýan parasatly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Daşky gurşawy goramak babatda umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde az galyndyly hem-de galyndysyz tehnologiýalary döretmek we olary önümçilige giňden ornaşdyrmak daşky gurşawy goramagyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu iş diňe tehnologiýany düzmek we ony önümçilige hödürlemek bilen çäklenmän, birnäçe guramaçylyk häsiýetli meseleleriň hem çözülmegini talap edýär (kärhananyň çig mal we energiýa üpjünçiligi, ýeterlik ölçeg dolandyryş enjamlarynyň bolmagy we başgalar).
Şonda,
- täze, ozal düzelmedik az galyndyly we galyndysyz tehnologiýalary işläp düzmek;
- hereket edýän tehnologiýa proseslerini kämilleşdirmek (çig maly çalyşmak, önümçiligiň tapgyryny azaltmak, gözegçilik ölçeg abzallaryny täzelemek we başgalar);
- ulanylan reagentleri gaýtadan dikeldip, önümçilige gaýdyp bermek;
- zyňyndy we ýapyk aýlanyşykdaky suwlary arassalamak;
- tehnologiýanyň dowamynda temperaturanyň yzygiderliligini saklamak;
- ýylylyk we massa çalşygyny tijendirmek;
- energiýa ýitgisini azaltmak;
- üznüksiz prosesleri tehnologiýalara ornaşdyrmak ýaly başga-da birnäçe meseleler ýüze çykyp biler.
Şeýlelikde, senagat zyňyndylarynyň möçberini azaltmagyň we daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almagyň iň amatly ýollarynyň biri daşky gurşawy goramak boýunça bildirilýän talaplary ödeýän, zyňyndylaryň mukdarynyň rugsat berilýän çäklerinden pes bolmagyny üpjün edýän arassalaýjy enjamlary ulanmakdyr. Ondan başga-da, başlangyç çig maly doly ulanmagy, ondaky bar bolan peýdaly ähli düzüm böleklerini yzygiderli saýlap almagy üpjün edýän, önümçilikde emele gelýän zyňyndylary azaldýan, şeýlelik-de, daşky gurşawa agram salmaýan ýa-da az täsiri bolan, zyňyndylaryň ikilenç ulanylmagyny göz öňünde tutýan tehnologiýany ulanmak hem az galyndyly we galyndysyz tehnologiýalary döretmegiň we ony önümçilige doly ornaşdyrmagyň ilkinji ädimleridir.
Häzirki zaman ylmy we tehnikasy material energiýa ýitgilerini iň pes derejelere ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Şeýlelikde, ekologiýa howpsuzlyk düzgüni ilkinji nobatda, atmosfera howasynyň, suw serişdeleriniň, topragyň, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň arassalygynyň, ýaşaýyş üçin amatlylygynyň saklanmagynyň aladasydyr.
Bu düzgüniň ýerine ýetirilmegini diňe tebigatyň peýdalanylyşyna netijeli çemeleşmek we gözegçilik etmek arkaly gazanyp bolýar. Munuň üçin daşky gurşawa bildirilýän ekologiýa täsirini çäklendirmek, dürli täsirlerden döreýän ýagdaýlara toplumlaýyn baha bermek we netije çykarmak gerek.
Durnukly ösüş-bu jemgyýetiň elektroenergiýanyň dikeldip bolýan çeşmelerine geçmek; tokaý zolaklaryny döretmek; howanyň ähliumumy ýylamagyna getirýän parnik gazlarynyň zyňyndysyny azaltmak üçin işler amala aşyrylýar.
Durnukly ösüş düşünjesi häzirki we geljek nesilleriň ýaşaýşa bolan talaplaryny ödeýän, jemgyýetiň ösmegini üpjün edýän amatly gurşawyň uzak möhletleýin saklanmagyny göz öňünde tutýar. Şonuň üçin, ilkinji nobatda, inžener-tehnologlar, alymlar özleriniň amala aşyrjak bolýan taslamalarynyň daşky gurşawa edilýän täsiriň kesgitlenen çäkden pesde bolmagyny gazanmalydyrlar.
Meýilleşdirilýän islendik hojalyk işiniň daşky gurşawa ýetirjek ekologiýa taýdan zyýanly täsiri anyk kesgitlenmelidir. Şu sebäpli buýrujynyň esasy wezipesi taslamany ekologiki taýdan esaslandyrmak we taslanýan önümçiligiň ekologiýa howpsuzlygyny subut etmek bolup durýar.
Tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljek nesillerimiz üçin gorap saklamaklyk, ýurdumyzda alynyp barylýan, yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan hem, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, tebigaty goramak we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak babatda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilmegi, gözel tebigatymyzy we özboluşly ekologiýa şertleri bilen tapawutlanýan güneşli ülkämizi gorap saklamaga, Diýarymyzda arassa ekoulgamy kemala getirmäge alnyp barylýan işleriň has-da ýaýbaňlandyrylmagyna we döwlet ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna goşant goşmaklyk üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzybir işgärleriniň hem-de agzalarynyň esasy maksady bolup durýar. Biz hem, daşky gurşawy zyýanly galyndylardan arassalamak, howanyň hapalanmagyna getirip biljek nogsanlyklaryň öňüni almak babatynda ýörite tassyklanan meýilnamalar esasynda köpçülikleýin çäreleri, telekeçileriň arasynda wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini yzygiderlilikde alyp barýarys.
Goý, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde biz ýaşlara görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlaryň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýärin!
Akbäbek GULESENOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň baş hasapçysy.