Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TELEKEÇILIK BAZAR YKDYSADYÝETINIŇ BINÝADYDYR

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ösüşiň bazar nusgasyna daýanýan, durmuş ugurly jemgyýeti kemala getirmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli institusional, hukuk we guramaçylyk özgertmeleri rowaçlyga eýe bolýar. Bazar ykdysadyýetine ynamly ugruň alnandygyna şaýatlyk edýän geçiş ykdysadyýetiniň baş maksady milli ykdysadyýeti geljekde innowasiýalar esasynda ösýän, senagatlaşan we bäsdeşlige ukyply döwrebap gurluşa öwürmekden ybaratdyr. Munuň özi milli ykdysady ulgamyň çalt üýtgeýän jemgyýetçilik zerurlyklaryna tiz uýgunlaşmagyny, daşarky faktorlaryň täsirine has duýgur bolmagyny nazarlaýar. 

Içerki we daşarky bazarlara gatnaşyjylar üçin deň bäsdeşlik şertleriniň döredilmegi milli bazar hojalygynyň düzüminiň kämilleşdirilmegine itergi berýän esasy ýagdaýlaryň biridir. Şunda, ykdysady diwersifikasiýanyň wajyp ugry döwlete dahylsyz bölegiň ähli pudak düzümlerinde tutýan paýyny artdyrmak bilen bagly bolup durýar. Netijede, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň gurluş taýdan üýtgemegine we göwrüm taýdan artmagyna döwlete dahylsyz bölegiň goşýan goşandy ýokarlanýar. 

Eýeçiligiň garyşyk ulgamynyň kemala getirilmegi durmuş ugurly bazar ykdysadyýetiniň esasy şertleriniň biridir. Munuň özi eýeçilik gatnaşyklarynyň täze ulgamynyň döredilmegini we bazar talaplaryna laýyk yzygiderli kämilleşdirilmegini talap edýär. Ösen ýurtlaryň döwrebap derejede kadalaşdyrylýan garyşyk görnüşli bazar ykdysadyýetiniň binýadynda hususy eýeçilik durýar. Şeýlelikde, häzirki geçiş döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan köpugurly bazar özgertmeleri eýeçilik gatnaşyklarynyň degişli derejede üýtgedilmegini nazarlaýar. Çünki bazar özgertmeleriniň netijeliligi, gazanylýan ykdysady ösüş depginleri we ilatyň ýaşaýyş-durmuş abadançylygy köp derejede jemgyýetçilik eýeçilik gatnaşyklarynyň döwrebaplygyna we kämilligine bagly bolýar. Şonuň bilen birlikde, bazaryň kadaly işlemegi üçin hususyýetçiligi we telekeçilik işini ösdürmek, emläk eýeleriniň kanuny hukuklarynyň goralmagyny we kepillendirilmegini üpjün etmek zerurdyr. 

«Hususy eýeçilik» düşünjesiniň özeninde maddy gymmatlyklara ygtyýar edilmegini we peýdalanylmagyny aňladýan jemgyýetçilik gatnaşyklary goýlandyr. «Telekeçi» adalgasyny ulanyşyga ilkinji bolup fransiýaly ykdysatçy Žan-Batist Seý 1800-nji ýylda girizipdir. Nusgawy ykdysady nazaryýeti esaslandyryjylar telekeçini öz bähbidi üçin töwekgelçilik edýän hususyýetçi (A.Smit) ýa-da maýadar hökmünde (D.Rikardo) kesgitleýärler, ýagny telekeçilerde şundan başga wezipeler bar diýip hasap etmändirler. 

Telekeçilik nazaryýetiniň döremegine awstriýaly ykdysatçy Ý.Şumpeter uly goşant goşupdyr. Alym telekeçilikden girdeji alynmagyny innowasiýalar bilen baglanyşdyryp, täzeçillige eýermekligi telekeçiligi kesgitleýän baş alamatlaryň biri hökmünde görkezipdir. Hut şu aýratynlyk, ýagny öňdebaryjy tehniki, tehnologik, guramaçylyk-dolandyryş we marketing ugurly işläp taýýarlamalaryň önümçilikde we paýlaýyşda goşmaça girdejiniň alynmagyny üpjün edýär. Başgaça aýdanyňda, täzeçillikleri kabul edijilik ukyby hojalyk işini alyp barýan tarapyň telekeçi bolmagyny üpjün edýär, bu ukybyny ýitiren badyna ol telekeçi bolmagyny bes edýär, ýagny onuň işi öz pudagynda däbe öwrülen, adaty işe öwrülýär. 

Telekeçilik gatnaşyklary hususy eýeçilik düşünjesi bilen baglylykda ýüze çykypdyr. Eýeçiligiň dürli görnüşleriniň sazlaşykly ösdürilmegi öňegidişlikli hem durnukly ykdysady ösüşi gazanmagyň ygtybarly çeşmesi bolup çykyş edýär. Öz telekeçilik statusyny kanuny tertipde resmileşdiren taraplaryň gozgalmaýan emlägi ulanmakdan, harytlary satmakdan, işleri ýerine ýetirmekden we hyzmat etmekden yzygiderlikde girdeji almaga gönükdirilen özbaşdak, öz töwekgelçiliginde amala aşyrýan işi telekeçilik işi hasaplanylýar. 

Ösen ýurtlarda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi tutuş ykdysadyýetiň pajarlap ösmegine, ylmy-tehniki ösüşiň ilerlemegine, bazarlarda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegine, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine itergi berýär. Bazar gatnaşyklary ösdügiçe, telekeçilik işiniň orny pugtalanýar. Saýlan ugrunda oňyn sepgitlere ýetmegi başaran iri telekeçilik birleşmeleri (firmalar, kompaniýalar we ş.m.) dünýä bazarynda öňdebaryjy hojalyk subýektleri bolup çykyş edýärler. Telekeçilik ykdysady we jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly hereketlendirijisi bolup hyzmat edýär. 

Ösen ýurtlarda jemi içerki önümiň agdyk bölegi kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynda öndürilýär. Kiçi we orta telekeçilik kärhanalary bazar şertlerine tiz uýgunlaşmagy başarýarlar, şol sebäpden-de olara çökgünlik ýüze 28 çykan ýagdaýynda oňaýsyz ýagdaýlardan sowlup geçmek, täze talaplara we meýillere görä öz işini üýtgedip gurmak başardýar. Düýpli çözgüt çykarmaly, töwekgelçilik etmeli bolan ýagdaýynda, kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri has netijeli we çeýe hereket edýärler. Şeýlelikde, çeýelik we tutanýerlilik kiçi we orta kärhanalaryň oňyn artykmaçlygy bolup durýar. 

Telekeçiligiň baş maksady mümkin boldugyça köp peýda almakdan ybaratdyr, hut şu maksat telekeçilik işiniň mazmunyny, iş usullaryny we çemeleşmelerini kesgitleýär. Şeýlelik bilen, özbaşdaklyk hem-de çynlakaý ykdysady gyzyklanma telekeçilik işine itergi berýän güýç bolup çykyş edýär. Telekeçi ykdysady işi özi guraýar, dolandyrýar we onuň netijelerinden özi peýdalanýar. Hojalyk subýektleri telekeçilik işini amala aşyrmak bilen, bir tarapdan, öz şahsy bähbidini, beýleki tarapdan bolsa jemgyýetçilik bähbitlerini kanagatlandyrmak maksadyna eýerýär. Ýewropada kiçi telekeçilik we işewürlik (hususy kärhanalar) durmuş-ykdysady ösüşiň binýatlaýyn esasyny düzýärler. Ýewropa Bileleşigi döwletlerinde jemi goşulan gymmatyň ýaryndan köprägini (takmynan 53%-ni) öndürýän kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynyň 23 milliona golaýy hereket edýär, olarda ilatyň 70%-ine golaýy zähmet çekýär. 

Däp bolşy ýaly, «işewür» bilen «telekeçi» adalgalaryny ugurdaş sözler hasaplaýarlar, ýagny olary şol bir many-mazmun bilen baglanyşdyrýarlar. Muňa garamazdan, ulanylýan iş çemeleşmelerine, öňdebaryjy täzeçillikleri hem-de innowasiýaly tehnologiýalary kabul edijilik ukybyna görä, olaryň biri-birlerinden düýpli tapawutlanýandygyny bellemek zerurdyr. Işewür ýyldan-ýyla şol bir önümi öndürmek bilen öz işini çäklendirip bilýär. Telekeçi beýlekilere garanyňda oňyn täzeçillikleri kabul etmäge ýykgyn edýär, öňdebaryjy ylmy açyşlar, täze bazarlara çykmak mümkinçiligi, öndürilen önümi ýerlemegiň täze usullary, önümçilik serişdelerini has amatly şertlerde gözläp tapmak, önümçilik we zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek ýaly möhüm ugurlarda peýda bolýan innowasiýalary tiz kabul edýär, telekeçilik işinde töwekgelçilik etmekden çekinmeýär. 

Bazar ykdysadyýetiniň özüne mahsus bolan ösüş şertleri we aýratynlyklary, talaplary we kadalary bar. Bazar ykdysadyýetiniň netijeli hereket etmegi üçin bazara gatnaşyjylarda hojalyk işini alyp barmakda erkin hereket etmek mümkinçiligi bolmaly, önümçilik gorlarynyň, işçi güýjüniň akymlarynyň erkinligi we netijeliligi üpjün edilmelidir. Bazar erkinligi hususy eýeçilik bilen gönüden-göni baglydyr, şoňa görä-de gor eýeleriniň olary öz erkine ulanyp, sarp edijileriň bolsa özüniň sarp ediş hajatlaryny öz islegine görä kanagatlandyryp bilmegi möhüm şertdir. Şeýlelikde, sagdyn hereket edýän bazar ulgamy jemgyýetiň sarp ediş hajatlaryny has doly kanagatlandyrmagyň, öňegidişlikli jemgyýetçilik ösüşini gazanmagyň işjeň mehanizmi bolup çykyş edýär. 

Telekeçiligiň oňyn ösüşini üpjün etmegiň ýene-de bir şerti sagdyn bazar bäsdeşligi bilen baglydyr. Mundan başga-da, halkara talaplaryna we standartlaryna laýyk gelýän bazar infrastrukturasynyň döredilmegine uly ähmiýet berilýär. Şeýle infrastruktura harytlar we hyzmatlar bazary, şol sanda intellektual önümleriň bazary, maliýe we ykdysady gorlaryň bazary ýaly möhüm düzümleri öz içine alýar. Bu şertleriň pugta berjaý edilmegi bazara beýleki gatnaşyjylar bilen bir hatarda, telekeçilere üznüksiz önümçilik işini alyp barmakda, öndürilen önümi ýerlemekde, hususyýetçilik işiniň maýa goýum (maddy, zähmet, maliýe we beýleki) zerurlyklaryny gözläp tapmakda hem-de bazar bahalaryndan almakda deň hukuklary we mümkinçilikleri üpjün edýär. Bazar gatnaşyklarynyň bazar kanunlaryna laýyk ösdürilmegi hususyýetçileriň we telekeçileriň ykdysady-hojalyk işjeňligini ýokarlandyryp, milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň yzygiderli ösmegine itergi berýär. Telekeçi kanuny taýdan gadagan edilmedik işleriň islän görnüşi bilen meşgullanyp bilýär. Şeýlelikde, telekeçi özüniň belli bir derejede töwekgelçilikli bolan hojalyk-ykdysady işinde hemişe bazar isleginiň we teklibiniň gatnaşygyna, bahalaryň derejesine baglylykda hereket edýär. 

Kabul edilýän çözgütler, olaryň netijeleri we töwekgelçilikleri bilen bagly jogapkärçilik telekeçilik işiniň aýrylmaz bölegidir. Töwekgelçilik elmydama näbellilik, duýdansyz ýüze çykýan ýagdaýlar bilen bagly bolýar. Telekeçi bazar ýagdaýlaryny seljermek we töwekgelçilikden goranmak usullaryny göz öňüne tutmak bilen, özi üçin iň amatly çözgüdi kabul edýär. Ol bazara seljerme berende ýüze çykyp biljek ýagdaýlary çaklamaly, bazar bäsdeşligine ukyply bolmak üçin degişli maglumatlary yzygider öwrenmeli bolýar. 

Ady belli ykdysatçy Ý.Şumpeteriň beren kesgitlemesine laýyklykda: «Telekeçi bolmak – beýlekileriň edýänini gaýtalamazlyk bolýar. Telekeçi elmydama täze zadyň gözleginde bolýar we onuň berýän mümkinçiliklerinden peýdalanmak isleýär. Telekeçi töwekgel bolmaly, gorkusyny ýeňip geçmäni başarmaly we dörän ýagdaýa görä hereket etmän, öz hereketlerini özi kesgitlemeli». 

Ösen ýurtlarda kiçi telekeçiligi goldamak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi döwletiň we işewürligiň bähbitlerini deňeçerlemek, telekeçilik işiniň has amatly şertlerini üpjün etmek, maýa akymlaryny we sagdyn bazar bäsdeşligini höweslendirmäge gönükdirilendir. Üpjün edilen mümkinçiliklere we kadalaşdyryş usullaryna laýyklykda telekeçilik işiniň subýektleri hökmünde ýekebara telekeçiden başlap, hökümet düzümlerine çenli çykyş edip bilýärler. 

Maýalaryň ykdysady pudaklar boýunça paýlanyşynyň gyradeň däldigini bellemek gerek. Ýewropa Bileleşigi döwletlerinde esasy üns senagat we gurluşyk, söwda we maliýe ulgamlaryna berilýär. Ýaponiýada, Singapurda we ABŞ-da döwlet we iri kompaniýalar ylyma, bilime we täze tehnologiýalara has işjeň görnüşde maýa goýýarlar. Demirgazyk Ýewropa ýurtlarynda (Daniýa, Niderlandlar) 29 maýa goýumlarynyň aglaba bölegi oba hojalygyny goldamaklyga gönükdirilýär. 

Telekeçilik – peýda görmäge ýa-da takyk durmuş ugurly öňegidişligi gazanmaga gönükdirilen işiň aýratyn bir görnüşidir, ol söwda, haryt-pul gatnaşyklary bilen bilelikde gadymy döwürlerde ýüze çykandyr. Hususy eýeçiligi ösdürmäge gönükdirilen çäreler bar bolan önümçilik mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmaga, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrmaga, goşmaça iş orunlaryny döretmäge ýardam edýär. Türkmenistanda telekeçiligiň ösüş taryhy wagt ölçeginden ol diýen uzak däldir. Bu döwrüň içinde ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçilik ulgamynyň mukdar we hil düzümlerinde düýpli üýtgeşmeler bolup geçdi. Türkmenistanyň JIÖ-niň jemi göwrüminde döwlete dahylsyz bölegiň paýy yzygiderli ýokarlanýar. 

Hususy telekeçiligiň ýokary depgin bilen ösmegi öňi bilen içerki bazarda haryt bolçulygyny döretmäge, sagdyn bäsdeşlik gurşawynyň kemala gelmegine, harytlaryň, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga itergi berýär. Hususyýetçiligiň, telekeçiligiň ösmegi ýurdumyzda orta gatlagyň kemala gelmegine getirýär, munuň özi ilatyň ýaşaýyş derejesiniň görkezijileriniň biri bolup çykyş edýär. Hususy telekeçiligiň ösmegi derwaýys durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge oňyn şert döredýär. Ýurdumyzda hususy eýeçiligi we telekeçiligi ösdürmek we goldamak, bu ugurda amatly şertleri üpjün etmek amala aşyrylýan bazar özgertmeleriniň strategik ugrudyr. 

Bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň bu ugurda netijeli hem-de depginli ösmegi üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri tapgyrlaýyn döredilýär. Munuň özi telekeçiligiň salgyt ulgamynyň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallaryny geçirmek, ýer böleklerini bermek düzgüniniň ýönekeýleşdirilmeginde, ýeňillikli karz bermekde we telekeçiler üçin karz, gümrük hem-de söwda amallaryny resmileşdirmek işleriniň ýeňilleşdirilmeginde beýanyny tapýar. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak ugrunda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda kabul edilen «Senagat nusgasynyň hukuk goragy hakynda», «Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda», «Kärhanalar hakynda», «Eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» Kararynyň kabul edilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 

Ýurdumyzda iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň we möhüm döwlet sargytlarynyň hususyýetçilere ynanylmagy Türkmenistanda döwletiň we hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde oňyn netijeleriň gazanylýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, milli ykdysadyýetde 2023-nji ýylda umumy iş bilen üpjün edilen ilatyň sanynda hususy gurşawda işleýänleriň orny 76,1%-e barabar boldy, ýagny 2020-nji ýyla görä 25,6%, şol sanda hususy telekeçilikde orny 2,5% artdy. Munuň özi hususy gurşawyň, şol sanda hususy telekeçiligiň jemi içerki önüme goşýan goşandynyň esli derejede artandygyny görkezýär. 

2023-nji ýylda hususy telekeçilikde jemi 102 450 adam iş orunlary bilen üpjün edilendir, bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 126,3% köpdür. Munuň özi ilatyň zähmet üpjünçiligini gowulandyrmak bilen çäklenmän, raýatlaryň alýan umumy girdejileriniň hem artmagyna ýardam edýär. 

Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň çäklerinde milli maliýe-bank ulgamynyň işini kämilleşdirmek meselelerine-de uly orun berilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan işleriň baş maksady müşderilere edilýän maliýe hyzmatlarynyň gerimini we hilini ýokarlandyrmak arkaly bazar özgertmelerine ýardam bermek bilen baglydyr. Halkara tejribesinde täjirçilik banklary alynýan peýdany artdyrmak ugrunda diňe maliýe, karz, walýuta we gazna bazarlarynda geçirilýän amallary artdyrmaga synanyşmak bilen çäklenmän, eýsem ätiýäçlandyryş, maýa goýum, gymmatly kagyzlar, walýuta we beýleki maliýe aktiwleri bilen amallary geçirmekde hem baý tejribe toplaýarlar. Bazar gatnaşyklaryna geçýän türkmen ykdysadyýetini, şol sanda milli bank ulgamyny häzirki döwürde hemmetaraplaýyn sanlylaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda gazanylýan sepgitler iň täze sanly tehnologiýalara daýanýan täze hilli bank hyzmatlaryny ýola goýmaga mümkinçilik berýär, önümçilik maýasynyň dolanyşyk tizliginiň we ykdysady netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär. 

Dünýä ösüşiniň meýillerine pugta eýermek bilen, milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak ugrunda düýpli özgertmeleri amala aşyrýan Türkmenistanda hususy bölegi ösdürmek boýunça çäreler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Bu ugurdaky strategik ähmiýetli maksatlar «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öz beýanyny tapandyr.

1. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy». – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2022. 

2. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy». – Aşgabat, 2022. 

3. Türkmenistanyň ýyllyk statistik neşiri. 2023-nji ýyl. – Aşgabat: Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti, 2024.

Oguljeren KAZAKOWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy.