Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BEDEW BATLY DIÝARYM

          Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň nyşany bolan behişdi bedewlerimize hormat-sarpanyň has-da artandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda hem-de Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda agzybir halkymyz bu gün parahat we abadan durmuşyň hözirini görüp, ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar.

          Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen 2026-njy ýyl ≪Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany≫ ýyly diýip yglan edildi. Bu buysançly şygar türkmen halkynyň köňlüne ynam, guwanç duýgularyny bagyş etdi. Bu şygarda Garaşsyzlygymyzyň mizemez binýady, baky Bitaraplygymyzyň dünýä derejesindäki abraýy jemlenýär. Ata Watanymyzda bedewleriň sarpasy belentde tutulýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny alan ilkinji ýyllarynda döredilen döwlet nyşanlarymyzyň, ýagny Döwlet tugramyzyň merkezinde milli gymmatlygymyz bolan bedewiň keşbiniň ýerleşdirilmeginiň esasynda hem görmek bolýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde giň möçberli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ahli pudaklarynyň işi ösüşlere beslendi. 

         2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy döwletimiziň dünýädäki at-abraýyny has-da artdyrmaga, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda bedew batly beýik ösüşlere gönükdirilen işleri dowam etdirmäge uly ruhy güýç berdi. 

         Hakykatdan hem, ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buysanjydyr,  gymmatly baýlygydyr, beýik ösüşlerimiziň nyşanydyr. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soňra tohum atlaryny ösdürip ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berildi. ≪At — myrat≫ diýlişi ýaly, täze ýyl bagtyýar halkymyzy maksat-myradyna ýetirjek ýyl bolar.

         Gadymyýetden bäri ahalteke bedewleri türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, kyn gününde syrdaşy bolup gelýär. Olar türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri hökmünde tanalýar. Türkmen bedewleri halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup, müňýyllyklaryň dowamynda halkyň durmuşynda, döwlet gurluşynda we ruhy dünýäsinde aýratyn orun eýeläpdir. Gamyşgulak bedewler özleriniň owadan durky, çydamlylygy, ýyndamlygy we düşbüligi bilen dünýä ýüzünde giňden meşhurdyr. Mundan başgada, olar çylşyrymly howa şertlerine uýgunlaşyp bilýändigi bilen hem tapawutlanýar.

         Häzirki döwürde ahalteke bedewlerini gorap saklamak, ösdürip ýetişdirmek döwlet derejesinde ähmiýet berilýän möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Atçylyk pudagynda alnyp barylýan ylmy işleri, halkara derejesinde geçirilýän sergiler we baýramçylyk çäreleri bedewleriň şöhratyny has-da artdyrýar. Türkmen bedewleriniň milli gymmatlyk hökmünde sarpalanmagy ýaş nesillerde taryha hormat goýmak duýgusyny kemala getirýär, milli ýörelgelere wepalylyk ruhuny berkitmäge hyzmat edýär.

       Türkmeniň uçar ganaty hem syrdaşy bolan behişdi bedewlerimiz hakynda kelam agyz söz açylanda, Gahryman Arkadagymyzyň ≪Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz≫, ≪Gadamy batly bedew≫,  ≪Atda wepa-da bar, sapa-da≫,  ≪Ganatly bedewler≫ atly eserleri seriňe dolýar. Bu eserler behişdi bedewlerimiz hakyndaky maglumatlary öwrenmäge, olaryň milli aýratynlyklaryna aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

       ≪At — myrat≫, ≪Atym bar — ganatym bar≫ ýaly paýhasly sözler hem halkymyzyň bedew bilen baglanyşykly dünýägaraýşynyň çuň köklerini görkezýär. Şu nukdaýnazardan, 2026-njy ýylyň şygary ýurdumyzyň ýokary depginli durmuş- ykdysady ösüşini, halkara giňişliginde abraýynyň artmagyny hem-de milli gymmatlyklaryň döwrebap ösüş strategiýasy bilen bitewi utgaşdyrylýandygyny alamatlandyrýar.

       Bedew dine bir at däl, ol türkmen halkynyň taryhynyň, medeniýetiniň we milli buýsanjynyň janly nyşanydyr. Ol türkmen halkynyň ruhy dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan mukaddeslikdir. Geçmişde türkmen bedew atda özüniň mertligini, batyrlygyny, watansöýüjiligini görkezen bolsa, şu günki günde aty bilen bedew batly ösüşleri gazanýar. Owadan, syratly bedewler döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň, halkymyzyň hasyl bolan arzuwynyň ajaýyp keşbidir. Ata-babalarymyzyň «At – myrat» diýen pähimi türkmen halkynyň durmuş pelsepesiniň düýp manysyny açyp görkezýär.

       Bedewine belent sarpa goýýan türkmen halky bu günki gün ýurdumyzyň bedew badyndaky ösüşlerine goşant goşmakda agzybirlikli zähmet çekmegiň nusgasyny görkezýär. Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ajaýyp zamanamyzda gazanylýan uly ösüşleriň depgininiň, berkarar döwletimiziň ak ýollarda öňe barýan rowana menzilleriniň bedew badyna deňelmeginiň gözbaşynda hem bedew atlara goýulýan belent hormat-sarpanyň durýandygyny bellemek gerek.

        Goý, türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun! Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri bedew ýylynda has-da belent derejelere ýetsin!

Ogulbäbek NURGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň baş hasapçysy.