Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

BIR BELENT YKBAL SEN ILLERE, BEDEW!

Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwer syýasaty dünýä jamgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär. Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatynyň esasy binýady bolup, durnukly ösüşiň, jemgyýetçilik jebisliginiň we halkara hyzmatdaşlygynyň pugta kepilidir. Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň binýady parahatçylyk durnuklylyk we milli gymmatlyklara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýyl halkymyzdan gelen teklipler esasynda, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip atlandyryldy. 

        Türkmen halkynyň taryhy bedew at bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Ahalteke bedewleri asyrlaryň dowamynda edermenligiň, gözelligiň, wepalylygyň we batyrlygyň nusgasy hökmünde tanalyp gelýär. Bedew at türkmeniň diňe bir ulagy ýa-da kömekçisi däl, eýsem, onuň ruhy güýjüniň, azatlygyň we belent maksatlaryň nyşany bolup durýar. «Bedew batly at-myradyň mekany» diýen düşünje ösüş ýolunda öňe tarap ynamly gadam urýan, maksatlaryna ýetmegi başarýan halkyň keşbini alamatlandyrýar. Bu jümle türkmen döwletiniň ykdysady, ylmy-tehniki, medeni we sport ugurlarynda batly depgin bilen öňe barýandygyny, her bir üstünligiň halkymyzyň asylly arzuwlarynyň miwesidigini aňladýar. 2026-njy ýylyň şeýle at bilen atlandyrylmagy milli mirasymyzy gorap saklamak bilen döwrebap ösüşiň sazlaşykly alnyp barylýandygyny görkezýär. Atçylyk sungatynyň ösdürilmegi, bedewleriň dünýä derejesinde wagyz edilmegi, halkara çäreleriň geçirilmegi – bularyň ählisi ýurdumyzyň özboluşly medeni keşbini dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem bu atlandyryş ýaş nesli watançylyk, milli buýsanç we zähmet söýerlik ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir. Bedew atyň keşbi ýaşlaryň kalbynda maksada okgunlylygy, jogapkärçiligi we Watana bolan söýgüni pugtalandyrýan terbiýeçilik nyşan bolup hyzmat edýär. Bir söz bilen aýdanymyzda, 2026-njy ýyl Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bedew batly ösüşiniň, halkymyzyň belent maksatlarynyň dabaralanýan ýylyna öwrüler.

Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.