Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

DÖWLET BAÝDAGYMYZ WE KONSTITUSIÝAMYZ - MILLI GYMMATLYGYMYZDYR

Bagtyýar  türkmen halky sanlyja günden Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi şatlyk-şowhun bilen belläp geçer. Bu goşa sene halkymyzyň durmuşynda aýratyn uly ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny,  ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr.

         Başymyzyň täji, gözümiziň röwşeni ata Watanymyzda eýelenýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler, ilkinji nobatda, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň nyşanydyr. Agzybirlik, jebislik we bitewülik ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Täze taryhy eýýamda milli bagtyýarlygymyzyň aýdyň nyşanyna öwrülen Türkmenistanyň Konstitusiýasy berkarar döwletimiziň mizemez ýörelgeleri bolan Garaşsyzlygy, hoşniýetli Bitaraplygy, milli jebisligi we demokratiýany özünde jemlemek bilen, ýurduň, halkyň, şol sanda her bir raýatyň geljekki hemmetaraplaýyn ösüşlerini şertlendirýär.

         Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyz belleýşi ýaly «Döwletimiziň ýeten derejesi, halkymyzyň geçmişi, şu güni, geljegi, abraý-mertebesi mukaddes tugumyzda jemlenendir. Mukaddes baýdagymyzy goramak – bu Watanymyzyň, milletimiziň mertebesini, abraýyny gözüň göreji deýin goramakdyr. Döwlet baýdagymyzy söýmek Watanymyzy, halkymyzy söýmek, olara guwanmakdyr»  diýýär. Bu çuň manyly jümleler Döwlet Baýdagymyza bolan buýsanjymyzy goşalandyryp, watançylyk ruhumyzy belende göterýär.

Türkmenistan – demokratik, hukuk, dünýewi döwletdir. Türkmen döwletiniň syýasy gurluşy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda kemala getirildi. Konstitusiýa hem-de Döwlet baýdagynyň güni 1994-nji ýylyň 26-njy dekabrynda baýramçylyk güni hökmünde ykrar edildi we her ýyl 18-nji maýda bellenilýär. 

         Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanuny bolmak bilen, Türkmenistanyň döwlet gurluşy  deňagramlylygy saklap, özbaşdak hereket edýän kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünmek ýörelgelerine esaslanýar. Ak mermerli  paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Döwlet Baýdagymyz şäheriň islendik künjeginden görünýär. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň gözelligi bilen sazlaşýan Döwlet baýdagy watansöýüjilik we mähriban Watana bolan söýgi ýaly bahasyz gymmatlyklary, halkymyzyň beýik döredijilik ruhuny alamatlandyryp, bahar şemalyna erkin pasyrdaýar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijeleri her ädimde duýulýar. 

         Türkmen topragy özgerip, gülläp ösýän bagy-bossanlyga bürenýär, şäherleriň we obalaryň keşbi düýpli özgerýär, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanýar, türkmenistanlylaryň abadançylyk derejesi ýokarlanýar. Durmuşyň we döredijiligiň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan mukaddes Baýdagymyzyň astynda jebislenýän halkymyz agzybirlikli we döredijilikli zähmet çekýär we geljege ynamly garaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwlet nyşanlary bolmak bilen Esasy Kanun we Ýaşyl Baýdagymyz Watanymyzyň garaşsyzlyk hem-de bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär.      

         Döwlet nyşanlary milli ýörelgeler we umumadamzadyň ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşyp, çuňňur mana eýedir hem-de halkymyzyň nurana geljegi bolan garaýyşlaryny äşgär edýär. Döwlet baýdagymyzda türkmen halylarynyň gölleri, doganlygy, bitewüligi we durmuşyň täzelenişini aýan edýän bäş ýyldyz we ýarym aýyň şekili ýerleşdirildi. Häzirki döwürde Türkmen dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp orun eýeleýär. Biziň öňümizde bagtly geljege uzaýan ýollar açylýar. 

         Her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyrylýar. Ol halkymyzyň bozulmaz agzybirligini, bitewüligini, onuň şöhratly pederlerimiziň paýhasly wesýetlerine, bagtly häzirki we geljekki durmuşyň ýörelgelerine bolan ygrarlylygyny, Watanymyzyň saýlap alan döredijilikli ýoly bilen ösüşleriň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bolan ynamly ädimini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

         Bu gün goşa mukaddesligimiziň şanyna uludan toýlaryň tutulmagy watansöýüjiligimiz bilen berk baglydyr. Döwlet baýdagymyzyň we Esasy Kanunymyzyň şanyna tutuljak toýlara biz — bagtyýar ýaşlar egsilmez şatlyk we hyjuw bilen gatnaşarys. Şu ajaýyp pursatdan peýdalanyp, halkymyzy baky bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Täzegül HUDAÝGULYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň hasabatçysy.