Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

TÜRKMENISTAN –DEMOKRATIK, HUKUK, DÜNÝEWI DÖWLETDIR

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz oňyn özgertmelere tarap batly gadamlar bilen öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna hormat goýmak we berjaý etmek ruhunda terbiýelemek, olaryň döredijilik işjeňligini ösdürmek üçin ýurdumyzda çäreler toplumy amala aşyrylýar. Türkmenistanyň hukuk ulgamy türkmen halkynyň taryhy mirasyny hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen kämilleşdirilýär. Raýat jemgyýetiniň işjeňleşmegi bilen birlikde raýatlaryň hukuk medeniýeti ösýär.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça zerur tagallalary edýär. Şunuň bilen birlikde, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň edýän tagallalary dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar tarapyndan giňden goldanylýar» diýip örän wajyp belleýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de hukuk ulgamyny kämilleşdirmek sazlaşykly utgaşdyrylýar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň her bir ugrunyň dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly Ösüşiň Maksatlarynyň wezipelerine kybap gelýändigini aýratyn bellemek gerek.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, «XXI asyryň gözbaşynda kuwwatly döwleti bina edip, biz halkymyzyň abraýyny has-da belende galdyrýandygymyza, il-ulsumyzda geljege bolan pugta ynamy kemala getirýändigimize ynanýarys. Çünki biziň ösüşlerimizde adamzadyň geljege gönükdirilen berk ýörelgeleri ýaşaýar» diýip adamzadyň gelejeginiň ähmiýeti barada aýdýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hukuk ulgamynyň kemala gelmegi türkmen döwletliliginiň ösmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli hukuk ulgamy yzygiderli ösýär. Milli hukuk ulgamynyň binýady hökmünde şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny, döwlet özygtyýarlylygyny goramak, halkara hukuk namalary işlenilip taýýarlanylanda we kabul edilende Türkmenistanyň milli bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen tagallalar hyzmat etdi. 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda kabul edilen «Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda» Jarnama Türkmenistany özygtyýarly milli döwlet hökmünde özüniň bütin çäginde häkimiýeti doly amala aşyrýandygyny jar etdi we şunuň bilen döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky hil taýdan täze başlangyçlaryň kemala gelmegi üçin binýady esaslandyrdy. Garaşsyz Türkmenistanyň döremeginde esas goýujy wajyplyga eýe bolan bu resminama 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň kabul edilmegi üçin zerur bolan syýasy hukuk şertleri döretdi. 

Ýurdumyzda hukuk ulgamyny kämilleşdirmek işi hemişe üns merkezinde durýar. Kanun çykaryjylyk işi yzygiderli kemala gelýär. Kanun çykaryjylyk we hukuk ulanyş işi yzygiderli öwrenilýär, ol kanunçylygy netijeli kämilleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar. Hukuk bilimleri ulgamynda kanunçykaryjylyk işi möhüm orun eýeläp, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň guraly hökmünde kanunçykaryjylyk ulgamynyň düýp esasyny we funksional wezipesini häsiýetlendirýär. Soňky ýyllarda geçirilen işleriň netijesinde birnäçe kodeksler we kanunlar kabul edildi, şeýle hem hereket edýän kanunlara goşmaçalar we üýtgetmeler girizildi. Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksi, Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşi, «Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda», «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», Türkmenistanyň Kanunlary we başga-da birnäçe hukuk namalary kabul edildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda kabul edilen kanunlar ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamynyň barha kämilleşdirilýändigini, mazmunynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, halkara hukuk kadalary bilen utgaşykly sazlaşdyrylýandygyny görkezýär. Hukuk ulgamyň döwrebap ösüşi türkmen halkynyň hukuk medeniýetiniň ösüşiniň hem aýdyň şöhlelenmesidir. Çünki kanunçylyk ulgamy we onuň döwrebaplylygy jemgyýetçilik gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygy we ylalaşygy, asudalygy hem-de agzybirligi üpjün etmegiň möhüm guralydyr.

           Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän oňyn özgertmeler syýasaty milli ykdysadyýeti ösdürmeklige we halkyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmaklyga gönükdirilendir. Milli kanunçylygyň we hukuk ulgamynyň esasy wezipesi bolsa, adam azatlyklaryny we hukuklaryny goramak, ýurtda düzgün-tertibi üpjün etmek bolup durýar. Hukuk namalarynda Türkmenistan döwletiniň hukuk we demokratik häsiýeti öz beýanyny tapýar. Goý, şeýle üstünlikli işleri yzygiderli amala aşyrýan we durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyñ, hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Muhammetdurdy NURMYRADOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.