Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlary, asylly ýörelgeleri bu günki günde mynasyp dowam etdirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek, olaryň watansöýüji bolmaklary hakynda alada etmek asylly ýörelgedir. Bu asylly ýörelge ynsanda ýagşylygy, birek-birege hormat goýmagy, sahawaty kemala getirýär. Nesillere ýagşylygy ündew etmek bilen bir hatarda asylly görelde görkezmek terbiýäniň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem ýaş nesle öwüt berilende, süýji sözlülik, nakyllardan, paýhasly sözlerden peýdalanmak oňat netije berýär.
Halk pähimlerinde ýagşy görelde gören ýaşlar hakynda ençeme nakyllary görmek bolýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem «Ýagşy oguldan rehmet arygy akar» diýip, nesilleriň ýagşy gylykly, oňat häsiýetli bolup ýetişmegi hakynda beýan edipdir. Esasan hem, ýagşy häsiýetler ene dilimizde aýdylýan pähimlerden gözbaş alýar. Bu pähimlere we atalar sözlerine oňat düşünmek üçin ene dilimiziň baýlyklaryna düşünmek gerek. Şoňa görä-de, nesillerde ene dilimize bolan buýsanjy terbiýelemek, nakyllary we nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlyklaryny öwretmek örän möhümdir. Munuň özi olarda il-güne söýgini, geçmiş mirasymyza bolan belent sarpany kemala getirer.
Türkmen diliniň gadymylygy, baýlygy barada birnäçe ylmy işler ýazyldy. Ata-babalarymyzdan gelýän şol baýlyklary, gymmatly ruhy mirasy, dil medeniýetini gorap saklamak we geljek nesillere ýetirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Baý öwüşgünli, şirin sözli dilimizi nesillerimize miras goýmakda çeper döredijiligiň hem bahasyna ýetip bolmajak gymmaty bar. «Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda nusgawy edebiýatymyzy öwrenmek we ýaşlara düşündirmek işleri üstünliklere beslenýär. Bu babatda akyldar şahyryň eserleriniň ajaýyp goşgularynyň ýaş nesliň aňyna siňdirilýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çeper edebiýatda diliň baýlyklary siňdirilip, çeper keşpleriň üsti bilen okyjynyň aňyna ýetirilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», atly romanlaryny, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Türkmen medeniýeti» atly kitaplaryny belläp geçmek zerurdyr. Milli Liderimiziň dürdäne eserleri ene dilimiziň baýlygyny, şirinden labyzlylygyny açyp görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleriniň dilini öwrenmegi, ýaş nesle öwretmegi baş wezipämiz hasaplaýarys. Bu gymmatly eserler ýaş nesli watansöýüji, zähmetsöýer, bilimli edip ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedir. Ylym-bilime bolan söýgi, kitapa sarpa ýaly oňat gylyk-häsiýetler her bir okyjyda aýratyn täsir galdyrýar. Dil halkyň diňe bir milli ruhy gymmatlygy bolman, eýsem, ol möhüm aragatnaşyk serişdesidir. Hormatly Prezidentimiziň «Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda hem nusgawy edebiýatymyzyň wekilleri hakynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Bu gymmatly maglumatlar ýaş nesilde geçmiş mirasymyza bolan buýsanjy kemala getirýär. Bularyň ählisi ýaş nesliň terbiýesinde uly orun eýeleýär. Alymlaryň belleýşi ýaly, dil baýlaşýar, kämilleşýär, ösýär we özgerýär. Dildäki käbir sözler arhaizmleşýär we wagtyň geçmegi bilen ulanyşdan galýar. Emma çeper edebiýatlarda ýazuw çeşmelerinde galan sözler öz manysyny saklap galýar. Şonuň üçin hem nusgawy edebiýatdaky çeper eserler diňe bir edebiýatda däl, eýsem, dil biliminde hem öwrenilýär. Esasan hem, sözlükler düzülende gadymy sözleri düşündirmekde çeper edebiýata ýüzlenýär we olardan mysal getirilýär. Munuň özi diliň sözlik düzüminiň baýlygyny açyp görkezmekde çeper edebiýatyň gymmatynyň näderejededigini görkezýär. şol sebäpli hem nusgawy edebiýatyň wekilleri bolan Magtymguly Pyragynyň, Zeliliniň, Nurmuhammet Andalybyň, Mollanepesiň, Mämmetweli Keminäniň, Seýitnazar Seýdiniň we beýlekileriň goşgudyr gazallary, dessanlary hiç wagt gymmatyny ýitirmejek ruhy hazynadyr.
Ene dilimiziň geçmişden şu güne çenli gelip ýeten baýlygy ummasyz hazyna bolup durýar. Gymmatly hazyna bolan ene dilimiziň ylmy taýdan öwrenilen ugurlary juda kändir. Şonuň bilen bir hatarda, dil bilimi yzygider öwrenilmelidir, kämilleşdirilmelidir we dil mirasymyz geljek nesillere kämil derejede ýetirilmelidir.
Döwran ATABAÝEW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.