Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Abadançylygyň we ösüşiň taglymy

Dünýä halklary bilen köpugurly hyzmatdaşlykda we özara bähbitli gatnaşyklarda hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini ýol-ýörelge edinýän türkmen halky parahatçylykly ösüş ýoluny saýlap aldy. Bu ýol bolsa 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk syýasatyndan gözbaş alýar.

Bu taryhy seneden bary-ýogy 20 ýyl töweregi wagt geçensoň, ýagny, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň biragyzdan makullamagy, şeýle hem BMG-ä agza ýurtlaryň 47-siniň awtordaşlyk etmegi netijesinde Baş Assambleýanyň 69-njy mejlisinde Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ikinji gezek tassyklanylmagy dünýä bileleşiginiň döwletimiziň Bitaraplyk daşary syýasat ugruna ýokary baha berýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Bu gün türkmen Bitaraplygy hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ata Watanymyzyň we halkymyzyň beýik üstünligidir. Dünýäde abadançylygy, durnukly ösüşi we ygtybarly hyzmatdaşlygy berkitmekde onuň ägirt uly halkara ähmiýete eýedigini döwletimiziň ýokary derejä göterilen daşary syýasaty-da doly tassyklaýar.

Häzirki wagtda Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň 151 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy, 50-ä golaý halkara guramanyň agzasy bolmagy, şeýle-de köpsanly halkara konwensiýalara, şertnamalara we beýleki köptaraplaýyn resminamalara gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara giňişligindäki işjeňliginiň ýylsaýyn giňeýändigini görkezýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň kabul eden «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda BMG, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara guramalar bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine we berkidilmegine gönükdirilen ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Ösüş arkaly parahatçylyk» atly şygary astynda Türkmenistanyň halkara derejesindäki köpugurly hyzmatdaşlygy halkymyzyň gadymdan gelýän umumadamzat bähbitli ynsanperwer, hoşniýetli ýörelgeleri we birek-birege ynanyşmak ýaly köpasyrlyk milli däp-dessurlary esasynda mynasyp dowam etdirilýär.

Milli Liderimiziň bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary halkara resminamalarynyň onlarçasynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň teklibi esasynda şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi-de aýdylanlaryň nobatdaky subutnamasy boldy. Ata Watanymyzyň dünýä bileleşigindäki at-abraýyny has-da belende göteren bu halkara resminama ýurdumyzyň alyp barýan umumadamzat ähmiýetli tagallalarynyň ählumumy ykrarnamasy, ýurdumyzyň bagtyýar ýaşaýjylary bilen bir hatarda Ýer ýüzüniň ynsanlaryny asudalygyň hatyrasyna gönükdirilen belent maksatlara goşant goşmaga ruhlandyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen Bitaraplygy ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň berk binýadyna öwrülýär.

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu waka eziz Watanymyzyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan mynasyp goşandynyň ählumumy ykrar edilmegi boldy. Türkmenistan BMG-niň ynamdar we uzakmöhletli hyzmatdaşy bolmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny görkezip, Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Bitarap Türkmenistan parahatçylyk döredijilik ýörelgesinde uly tejribe toplady. Munuň şeýledigine, ýaragsyzlanmagyň sebitdäki işlerine ýardam bermek, suw-energetika meseleleriniň sazlaşykly çözülmegi, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, döwrüň howply wehimlerine garşy hereket etmek ýaly wajyp meseleler şaýatlyk edýär. Şu wezipeleriň çözülmeginde paýtagtymyzdaky BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine ähmiýetli orun degişlidir. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilen bu iri düzümiň merkezi edarasy hökmünde Aşgabadyň saýlanylyp alynmagy sebitiň ähli döwletleri tarapyndan goldanyldy. Türkmenistan özüniň halkara-hukuk derejesine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirer. Çünki bu dereje ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär.

Zerhal NARMAMEDOWA,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi.