Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky makalalar

Telekeçilik — ykdysady ösüşleriň guwandyryjy netijeleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: durnukly ösüşiň milli nusgasy» atly ylmy makalasynda: «Hojalygy ýöredýän subýektleriň gurluş düzüminde bolup geçen hil we mukdar üýtgeşmeleri Garaşsyzlyk ýyllarynda geçirilen institusional özgertmeleriň netijesi boldy. Häzirki wagtda hojalygy ýöredýän subýektleriň umumy sanynyň 90 göterimden gowragyny hususy bölegiň kärhanalary emele getirýär. Telekeçilige goldaw bermek, işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek, hususy eýeçilige bolan hukuklary goramagyň we kepillikleriň ygtybarly ulgamlaryny döretmek, ýeňillikli salgyt salmak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan çäreler milli ykdysadyýetiň ösüşinde bu bölegiň paýynyň hem-de ähmiýetiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär» diýip nygtamak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimizde telekeçiligi ösdürmek babatda alyp barýan parasatly başlangyçlaryna oňyn garaýyşlaryny beýan edýär.

Munuň şeýledigini milli Liderimiziň hususy önümçiligi we telekeçiligi ösdürmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitläp, durmuşa geçiren beýik işlerinde aýdyň görmek bolýar.

Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylyň 17-nji martynda hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen eýeçiligiň hususy görnüşiniň esasynda işini amala aşyrýan senagatçylary we telekeçileri birleşdirýän jemgyýetçilik guramasy — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredildi. Häzirki wagtda bu gurama ýurdumyzyň telekeçileriniň 26 müňe golaýyny birleşdirýän iri düzüme öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň 15-nji maýyndaky Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy» ýurdumyzy senagat taýdan ösýän ýurda öwürmekde belent sepgitlere ýetmegiň aýdyň ugurlaryny kesgitledi.

2011-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýanynda söwda we işewürlik üçin «Rysgal» banky açylyp, döwletimiziň telekeçiligiň ösdürilmegini goldamaga gönükdirilen binýatlyk pul serişdelerini goýmagy döwlete dahylly däl önümçilik ulgamynyň ösmegine uly ýardam boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda 2018 — 2024-nji ýyllarda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet Maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly eserinde belleýşi ýaly, ýurdumyzy mundan beýläk-de öňe alyp gitmek, telekeçiligi, täzeçilligi höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornuny giňeltmek, bilelikdäki kärhanalary, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek, pudaklaryň her birinde düýpli özgertmeleri amala aşyrmak biziň ykdysady strategiýamyzyň möhüm ugurlaryndandyr.

Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň işjeň gatnaşmagynda elektron senagaty kemala geldi. Bu günki gün «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan smart telewizorlar, awtomatik enjamlar, yşyklandyryş gurallarydyr LED çyralar, elektroenergiýany ölçeýän gurallar, «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy tarapyndan interaktiw paneller, elektron tor enjamlary, kompýuterler öndürilýär.

Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň talyplary we okuwçylary bilen geçiren duşuşygynda belleýşi ýaly, Türkmenistan bu gün senagat taýdan ýokary depginler bilen ösýär. Biz ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen, serişde we energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply elektron senagatyny döredýäris.

Şu ýerde döwlet Baştutanymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen dünýä nusgalyk şygarynyň ynsanperwer beýany bolan, bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelerimize ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurylýan «Bilimli» atly kompýuterleriň hem öz ýurdumyzda öndürilýändigini nygtamak aýratyn buýsançlydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik tagallalary bilen telekeçiler dürli pudaklarda milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda, syýahatçylykda, söwdada we durmuş hyzmatynda, halk senetçiliginde, beýleki ugurlarda üstünlik gazanýarlar.
Arkadagly eýýamymyzda öz ykdysadyýetini bazar gatnaşyklarynyň ýörelgeleri esasynda ösdürýän ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň bu ulgamyny netijeli hem-de sazlaşykly ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Munuň şeýledigi salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallaryny geçirmegiň ýönekeýleşdirilmeginde, ýeňillikli karzlaşdyrmakda öz beýanyny tapýar.

2009-njy ýylda «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», 2016-njy ýylda «Söwda işi hakynda», «Mahabat hakynda», 2019-njy ýylda «Haryt nyşanlary hakynda», 2021-nji ýylda «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we bu ugra degişli birnäçe hukuk namalarynyň kabul edilmegi aýdanlarymyzyň takyk mysallaryndandyr.

 Döwlet Baştutanymyz kiçi we orta telekeçiligi goldamak syýasatyny dowam etmek bilen, telekeçiler üçin ýer böleklerini bermegiň düzgünini, karz, gümrük we söwda amallaryny ýeňilleşdirmek barada görkezme berdi. Sebitlerde erkin ykdysady zolaklary döretmegiň işjeňleşdirilmegine uly üns berilýär.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, ykdysadyýetiň hususy ulgamynda ilatyň 50,3 göterimi, döwlet-hususy görnüşdäki kärhanalarda bolsa ilatyň 22 göterimi zähmet çekýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belent ynamyndan joşgun alýan ýurdumyzyň telekeçileri we senagatçylary Diýarymyzyň dürli sebitlerinde iri we jogapkärçilikli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýärler. Ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli açylyp, ulanylmaga berlen ýaşaýyş-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň, ählisiniň diýen ýaly, telekeçilerimiz tarapyndan ýerine ýetirilendigi, olaryň Arkadagly eýýamymyzda toplan baý tejribesinden habar berýär.

Alym Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda işewürler toparlarynyň öňünde täze strategik wezipeler goýuldy. Olaryň hatarynda Türkmenabat — Aşgabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny bellemek ýerlikli bolar. Ýurdumyzyň gurluşykçylary soňky ýyllarda Aşgabatda, Awazada, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde senagat, ulag, durmuş maksatly iri desgalaryň köp sanlysyny gurdular. Olaryň ýokary hünär derejesi, guramaçylyk başarnyklary ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem mälimdir. Häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ajaýyp binalaryny, desgalaryny ýerli gurluşykçy hünärmenler gurýarlar. Şeýlelikde, biz ýurdumyzda ýerli gurluşykçy hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelendigini arkaýyn aýdyp bileris.

Milli Liderimiziň alyp barýan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty telekeçilere dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlary, halkara işewürlik düzümleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeň ösdürmäge mümkinçilik berýär.Bu bolsa ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmagyna hem-de hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryna geçmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda bu maksatlar üçin sanly tehnologiýalar giňden ulanylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly şadiwanynda: «Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Aşgabadyň demirgazygynda giň gerimli täze işewürlik toplumyny gurdy. Birleşmäniň agzalarynyň bitiren işlerine göz aýlap, soňky ýyllarda hususy önümçilikde düýpli özgertmeleriň bolup geçendigine göz ýetirýärsiň» diýen ganatly sözleri türkmen telekeçilerine berlen belent baha bolup, bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlar boýunça ösmegi üçin giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza telekeçileriň we senagatçylaryň alkyşy bimöçberdir. Goý, biziň bagtly ýaşamagymyz, döredijilikli işlemegimiz üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Saparmyrat OWGANOW, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.