Şöhratly taryhymyzda milli demokratiýanyň asylly ýörelgelerini görmek bolýar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen ýaly pähimleri döreden parasatly pederlerimizden miras galan döwletlilik ýörelgeleri hormatly
Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamata beslenip, täzeçil mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde il-ýurt bähbitli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerine eýerip, ýurdumyzy galkyndyrmak, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda edýän tagallalarynyň netijesinde bu gün Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýeti dolandyrmagyň iň kämil institutlarynyň birine öwrüldi. Halk Maslahaty milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň we jemgyýetimiziň bähbitlerini sazlaşdyrmak bilen, döwlet derejesinde hereketlendiriji güýç hökmünde çykyş edýär. Bu wekilçilikli edaranyň hemaýaty bilen raýatlaryň döredijilikli, halal zähmetiniň döwlet derejesinde goldanylýandygyny, ýokary baha mynasyp bolýandygyny görmek bolýar.
Halk Maslahatynyň geçirilmegi nesilleriň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar. Bu baglanyşyk türkmen halkynyň milli garaýyşlary esasynda döwrebap şertlerde, täzeçe çemeleşmeler arkaly has-da berkeýär. Täze taryhy döwürde il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleriň, çözgütleriň gönüden-göni halk bilen maslahatlaşylyp çözülýändigini Halk Maslahatynda aýdyň görmek bolýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň hem-de Halk Maslahatynyň mejlisiniň barha ýakynlaýan günlerinde ýurdumyzda umumymilli foruma ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Halka daýanyp, halkyň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýet bilen döwletiň arasyndaky jebislik köprüsi hökmünde milli döwletlilik ýörelgelerimizi barha giňden dabaralandyrýar. Konstitusiýamyzda adamy jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy hökmünde kesgitleýän berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimize täzeçe röwüş berilýär. Bu gün ýurdumyzda raýatlaryň kanuny bähbitlerini, azatlyklaryny, zähmet çekmäge, eýeçilige, öz pikirini erkin beýan etmäge we goramaga bolan konstitusion hukuklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirýän jemgyýetçilik gurluşy kemala gelýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda umumymilli forumyň nobatdaky mejlisinde garaljak meseleler, kabul ediljek çözgütler halkymyzy bir maksada gönükdirer. Döwletli maslahatda geljek ýylyň dowamynda gazanylmaly zähmet ýeňişleri, ýetilmeli menziller, belent maksatlar aýdyňlaşdyrylar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirlikde etmeli işlerini kesgitläp, adamlaryň döredijilik ukyplarynyň artmagyna itergi berýär.
Täzegül JUMADURDYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.