Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmaga aýratyn uly üns berilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň öňýanynda Köneürgenç etrabynda täze köpriniň we döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylmagy halkymyza ajaýyp toý sowgady boldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şanly waka mynasybetli iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, bu desgalaryň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barýan türkmen telekeçileri tarapyndan gurulmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýeri gelende bellesek, täze döwrebap şäherçedäki medeni-durmuş maksatly binalar hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan guruldy. Döwrebap desgalaryň açylyş dabarasynyň «Ajaýyp köpri» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan köpriniň açylmagyndan başlanmagynda çuň many bardyr. Çünki halkymyzda ýol çekmek, köpri gurmak sogaply işleriň başy saýylýar. Şeýle haýyrly, döwletli işlere telekeçileriň goşandynyň bolmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Altyn güýzüň tyllaýy şöhlesine nur saçýan döwrebap şäherçäniň açylmagy bagtyýar ildeşlerimiziň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy. Üç ýüz altmyş pirleriň ýaşap geçen gadymy mekanynda bina edilen döwrebap şäherçe Köneürgenç topragyna täze taryhy döwrüň ruhy galkynyşyny getirdi. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen ulanylmaga berlen döwrebap şäherçä halkymyzyň teklibi esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen «Bitaraplyk şäherçesi» diýlip atlandyrylmagy şanly ýylyň ajaýyp wakalary bilen bir bitewi sazlaşygy döretdi.
Hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary bilen bina edilen täze şäherçede gurlan toý mekanynda, söwda merkezinde, hyzmatlar öýünde we beýleki durmuş maksatly binalarda ilatymyzda ýokary derejeli hyzmatlary hödürlemäge mümkinçilikler döredilendir. Azyk we senagat harytlary dükanynda türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilen ýokary hilli önümleriň ýerleşdirilmegi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilýändigine şaýatlyk edýär.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän ýylynda halkymyza sowgat berilýän Bitaraplyk şäherçesinde hususy telekeçileriň işlemegi üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Bu bolsa telekeçilige döwlet tarapyndan berilýän hemaýat-goldawlaryň aýdyň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şeýle döwrebap desgalaryň gurluşygynyň türkmen telekeçileri tarapyndan ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalaryny diýseň guwandyrýar, buýsandyrýar. Döwletimiz tarapyndan berilýän goldawlar, hormatly Prezidentimiziň beýik ynamy telekeçileri täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Döwür galkynanda ykballar ýalkanýar, ömürler uzaýar, dünýä juwanlaşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda durmuşymyza röwşenlik, kalbymyza egsilmez buýsanç bagyşlaýan şeýle ajaýyp wakalar şu beýik döwletiň şanly taryhynyň sahypalaryny bezeýär. Şeýle döwrebap şäherçeden jaýly bolmak bagty miýesser eden 400 sany bagtyýar maşgalanyň şatlygyny göreniňde bolsa, adam hakyndaky aladanyň berkarar döwletimizde neneňsi derejede belent tutulýandygyna göz ýetirýärsiň. Şol pursatlarda hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň durmuş hakykatyna öwrülýändigine şaýat bolýarsyň. Haýyrly işe şärik bolmak, ýagşy zady alnyňa sylmak halkymyzyň ajaýyp ýörelgesi. Bu ajaýyp desgalary alnyňa sylyp, galkynyşly döwrümize, hormatly Prezidentimiziň beýik işlerine buýsanmak her birimiziň ynsanlyk borjumyzdyr. Munuň üçin bolsa her bir ýürekde Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşlar bimöçberdir. Bu beýik döwür – ykballaryň galkynýan döwri, bu ajaýyp zamana – hormatly Prezidentimiziň halkyna eşret paýlaýan beýik zamanasy. Bu taryhy pursatlar bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen datlydan-datly miweleridir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga, berkarar Watanymyzy gülledip ösdürmäge gönükdirilen tagallalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza sagbolsunlarymyz çäksizdir
Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.
Gözel BARLYÝEWA, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň partiýa guramaçysy.