Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

Ýaşlar syýasatynyň dabaralanmagy

2023-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Daşoguz Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda “Ýaşlar syýasatynyň dabaralanmagy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň ösüşine aýratyn uly üns berilýär, hemmetaraplaýyn goldanylýar. Döwletimiziň geljegi bolan ýaşlara häzirki döwürde ylymly-bilimli, döwrebap aň-garaýyşly bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikleriň we şertleriň döredilendigi barada çykyş edenler öz çykyşlarynda belläp geçdiler. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda hereket edýän bilim ojaklarynyň dünýäniň öňdebaryjy döwletlerinde öndürilen innowasion tehnologiýalar bilen ornaşdyrylandygy barada belläp geçdiler. Ondan başga-da Hormatly Prezidentimiziň ýaşlary telekeçilige çekmek boýunça berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan işler dogrusynda aýdyp geçdiler. Duşuşyk ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň dabaralandyrylmagy ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP