Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda telekeçi M.Welmyradowanyň guşçuluk toplumynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda, «Parahatçylyk we Bitaraplyk: Garaşsyz Türkmenistanyň halkara abraýy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Türkmenistan Garaşsyzlygy ykrar edilen ilkinji günlerden daşary syýasat ugruny we halkara gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyň milli ýoluny saýlap alyp, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýä bileleşiginiň örän ýokary syýasy goldawy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Bitaraplyk Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen ýurdumyza daşary syýasat strategiýasy boýunça giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş babatda halkara bileleşigiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýän we jebisleşdirýän başlangyçlary öňe sürmek hem-de durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.
Şu pursatda bizem Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şunuň ýaly belent abraý-mertebä eýe bolandygymyz bilen köp sag bolsyn aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işlerinde elmydama rowaçlyklara beslensin!
TSTP