Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda telekeçi T.Pinaýewiň önümçilik sehinde «Bitaraplyk diplomatiýasy: Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda onda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli parasatly paýhasy bilen başlan başlangyçlary esasynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk, ynanyşmak, dost-doganlyk ýaly häsiýetlere eýe bolan halkara syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň diňe sebitde däl, eýsem dünýäde parahatçylygy wagyz ediji, parahatçylyk syýasatynyň nyşany hökmünde kabul edilýändigi dogrusynda gürrüň etdiler. Şeýle hem, ýakyn döwürlerde Türkmenistanyň işjeň alyp baran parahatçylyk we dost-doganlyk syýasatyna ýogrulan ýurdumyzyň we dünýäniň dürli künjeklerinde ýokary guramaçylykly geçiren halkara çäreleri barada gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistany halkara giňişliginde parahatçylygyň we ynanyşmagyň, dost-doganlyk syýasatyny alyp barmagyň kämil nusgasy bolan ýurduna öwüren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
TSTP