Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda “Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi” atly maslahaty geçirildi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz taryhymyzyň iň buýsançly we şöhratly sahypalaryny ýazýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni il-günümiziň abadan durmuşyna, ýurdumyzyň belent sepgitlere ýetmegine beslenýär. Bu eýýamyň kuwwatly binýady bolsa Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän parasatly, öňdengörüjilikli ýörelgelerine daýanýar. Ata-babalarymyz “Birlik bolan ýerde-direg bolar, agzybirlik bolan ýerde-rysgal bolar” diýip, asyrlaryň synagyndan geçen beýik hakykaty miras galdyrypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýoly halkymyzy bir maksat, bir arzuw töwereginde berk jebisleşdirdi. Bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu mukaddes ýörelge täze eýýamyň ruhy belentligi bilen has-da dabaralanýar.
Maslahatyň ahyrynda halkymyzyň abadançylygy, ýurdumyzyň parahatçylygy we rowaçlygy ugunda alada edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza merdana halkymyzyň çuňňur alkyşlaryny we tüýs ýürekden sagbolsunlaryny beýan etdiler.
TSTP