Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen Alabaýynyň güni mynasybetli «Alabaý – türkmeniň buýsanjy we wepaly dosty» atly çäre geçirildi we gezelenç gurnaldy.
Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenjiň dowamynda ata-babalarymyzdan galan milli ýörelgelerimizi, özboluşly gymmatlyklarymyzy synlamak örän ýakymly boldy. Muzeý gymmatlyklarynyň arasynda köpasyrlyk taryhy, türkmen halkynyň wepaly dosty bolan, halkymyzyň ruhy gymmatlygyna öwrülen alabaýlara aýratyn orun berilipdir. Olar barada giňişleýin ýazgylar ýazylypdyr.
Çäräniň dowamynda milli mirasymyza uly hormat sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
TSTP