Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Täç hil” hususy kärhanasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwri: Garaşsyz diýarmyzyň daşary syýasat ugrynyň täze tapgyry” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler türkmen halky asyrlaryň dowamynda hyzmatdaşlyga, dostdoganlyga sarpa goýmak bilen Beýik Ýüpek ýolunyň üstünden geçýän söwdanyň ösmegine, halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlanmagyna mynasyp goşant goşupdyr. Munuň özi halkymyza milli gymmatlyklarynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna goşulmagyna şert döredipdir.
Merkezi Aziýada ýaşan halklaryň biribirleri bilen ykdysady, söwda, medeni gatnaşyklaryň berkemegi üçin ençeme işleri alyp barandygyny, adam zat döräli bäri onuň ösüşi halkara hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly bolandygy, halklaryň we döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda bolsa ykdysady, syýasy we medeni islegleriň nazara alnandygyny taryhy maglumatlar beýan edýär.
Beýik Ýüpek ýoly Günbatar bilen Gündogary müň ýyllyklaryň dowamynda biribirine baglanyşdyryp gelen ýoldur. Bu ýol bilen türkmen halky asyrlaryň dowamynda hyzmatdaşlyga, dostdoganlyga sarpa goýmak bilen söwdanyň ösmegine, halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlanmagyna mynasyp goşant goşupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda nygtaýşy ýaly: “Beýik Ýüpek ýoly Gündogaryň hem Günbataryň halklarynyň taryhynda wajyp orun eýeledi. Onuň bilen bagly taryhy ýazgylar, arheologik tapyndylar, etnografik we edebi gymmatlyklar, halk hakydasynda saklanyp galan ruhy miras gitdigiçe gyzyklanmany artdyrýar. Bu ýol adamzat ykballarynyň ösüşine täsir eden gahrymançylykly hem yklymlaryň halklarynyň dostdoganlygyny bakyýete öwüren altyn ýoldur” diýip belläp geçdiler.
Umuman, iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ösdürilýär. Asylly däbe öwrülen halkara dostlukly gatnaşyklar döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmenhytaý gatnaşyklar dostdoganlyga hemde hyzmatdaşlyga pugta ygrarlydyr. Iki döwlet, iki halk mundan beýläkde ilerlemegiň we gülläp ösüşiň ýolundan bilelikde ynamly öňe gider.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
TSTP