Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Türkmenistanyň Halk Maslahaty Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň esasy syýasy-jemgyýetçilik wakasydyr

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Ak ýaprak” hojalyk jemgyýetinde “Türkmenistanyň Halk Maslahaty Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň esasy syýasy-jemgyýetçilik wakasydyr” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler Beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda ak şäherimiz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň guwançly wakasy boldy. Döwletimiziň durmuşynda möhüm ähmiýetli bu umumymilli forumda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen bu ähli umumy forumda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň eden maksatnamalaýyn çykyşlary mejlise gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Bu taryhy çykyşlarda döwletimizi we jemgyýetimizi ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmekde ýetilen belent sepgitlere seljerme berildi. Bu mejlisiň taryhy çözgütleriň mejlisi bolup, olaryň ata Watany has-da ösdürmäge, türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşatmaga gönükdirilendigi guwandyrýar. Şeýle hem bu mejlisde Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýlen adyň dakylmagy il-günümiziň buýsanjyna buýsanç goşdy diýip çykyş edenler belläp geçdiler.

TSTP