Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

  • ŞANLY ÝYLY DABARALANDYRAN BÄSLEŞIK

    Berkarar...

Halk Maslahaty – türkmen demokratiýasynyň sütünidir

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Täç hil” hususy kärhanasynda “Halk Maslahaty – türkmen demokratiýasynyň sütünidir” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 18-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine bagyşlandy. Duşuşykda mejlisde öňde goýlan wezipeleri we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň ähmiýetini halkyň arasynda giňden wagyz etmek we düşündirmek hakynda boldy. Çykyş edenler baý iş we durmuş tejribesi bolan ýaşulularyň jemgyýetdäki ornunyň örän uludygyny bellediler. Duşuşykda sentýabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça meýilnamalaýyn işleriň geçirilmelidigi aýdyldy.

TSTP