Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

Arkadag şäheri Rowaçlyk şäheri, türkmen ýaşlarynyň bagt şäheri

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Ýelken” hususy kärhanasynda “Arkadag şäheri Rowaçlyk şäheri, türkmen ýaşlarynyň  bagt şäheri” atly  maslahat duşuşygy geçirildi.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň açylyp ulanylmaga berilmegi bu şäher türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlup, onuň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde badalga berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, täze şäher sebitde iň iri we ekologiýa taýdan arassa şäherleriň birine öwrülendigi. Şäheriň birinji tapgyrynda 336 sany bina we desga, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, hassahanalar, orta mekdepler, çagalar baglary, edara binalary, inženerçilik ulgamlary we beýleki möhüm ähmiýetli desgalar gurlup ulanmaga berildi. Arkadag şäheri ýaşlaryň bagt şäheriniň boljaklygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyz, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, belent tutumly işlerinde egsilmez rowaçlyklary arzuw etdiler.

TSTP