Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

Arkadagly Serdaryň hemaýat goldawlary, türkmen telekeçileriniň ruhy ýoly

2023-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda “Bakjaly” hususy kärhanasynda “Arkadagly Serdaryň hemaýat goldawlary, türkmen telekeçileriniň ruhy ýoly” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň goldawy bilen Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda türkmen telekeçileri tarapyndan bäsleşige ukyply azyk we senagat önümleriniň öndürilmegi, düýpli gurluşyklaryň alnyp barylmagy, senagat kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň öňküden-de gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulanmagyna oňyn täsir edýär. Ýurdumyzyň işewürleri dürli önümleriniň görnüşlerini artdyrmakda, olaryň bäsdeşlige ukyplygyny, elýeterligini gazanmakda, oba hojalykda täze ýerleri özleşdirmekde, maldarçylygy, guşçylygy ösdürmekde uly işleri amala aşyrýarlar. Türkmen telekeçileriniň gurluşykda, dokma pudagynda, senagatda, bilim we syýahatçylyk ulgamynda, mahabat, neşirýat işlerinde durmuşa geçirýän tutumly işlerini bu gün uly buýsanç bilen bellemek bolar. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda hususyýetçiligiň ösdürilmegi ugrunda edýän uly tagallalary üçin ähli telekeçileriň adyndan köp sag bolsun aýtdylar. Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, hem belent tutumly işlerinde egsilmez rowaçlyklary arzuw etdiler.

TSTP