Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

  • ŞANLY ÝYLY DABARALANDYRAN BÄSLEŞIK

    Berkarar...

Ylymly-bilimli ýaşlar kemala gelýär

2023-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi D.Öwezowyň mebel kärhanasynda Ylymlar güni mynasybetli “Ylymly-bilimli ýaşlar kemala gelýär” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ylym islendik döwletiň ösüşiniň esasy sütüni bolup, bagtly geljege ýagtylyk saçýan ýoldur. Ýurdumyzda ylmyň täze gazananlary netijeli gözlegler bilen baýlaşyp, geljegi has nurana ylmy jemgyýetçiligi kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alymlarymyz dürli ugurlarda ylmy gözlegleri geçirip, dünýä ylmyna goşant goşýarlar. Hormatly Prezidentimiz: “Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir. Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir” diýip, ýurdumyzda ylmy gözlegleriň binýadyny berkitmegiň hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny, bu babatda ýaşlara uly ynam bildirilýändigini nygtaýar. Ylym her bir şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň barlygy, berkararlygy, bakylygy hem-de dowamaty üçin uly ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä jemgyýetçiliginde uly abraý gazanan ýurdumyz bu günki gün syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan ösen, ylmy taýdan kuwwatly döwletleriň hatarynda tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ähli beýik işleri, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine, il-günüň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmeklige gönükdirilendir. Türkmen ýaşlaryna ylym bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

TSTP