Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet

2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň bilelikde guramagynda Gümrükhananyň mejlisler jaýynda “Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet” atly maslahaty geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylýan ajaýyp döwrümizde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgelerinden, Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr!”, “Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgelerinden ugur alnyp döwletiň we jemgyýetiň iň esasy hazynasy hasaplanýan adam hakdaky alada ýurdumyzdaky alnyp barylýan döwlet syýasatynyň özeni bolup durýar. Maslahatda ýurdumyzda zyýanly endiklerden daşda durmakdaky ähmiýeti dogrusynda çykyş edenler giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle hem Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda göz öňüne tutulan işler we olaryň ýerine ýetirilişi dogrusynda aýdylyp geçildi. Maslahat ýurdumyzy sagdynlygyň ýurduna öwürmek ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary üçin Hormatly Prezidentimize hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

TSTP