Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Halkara dost-doganlyk gatnaşyklarynyň binýady berkeýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Daşoguz maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda mekdebiň talyp ýaşlarynyň we halypa mugallymlarynyň gatnaşmagynda Hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna döwlet saparynyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, “Halkara dost-doganlyk gatnaşyklarynyň binýady berkeýär” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara arenasyndaky abraýy günsaýyn artýar. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň barha artmagy duşuşyga gatnaşyjylaryň eden çykyşlarynyň esasy mowzugyna öwrüldi. Şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň geljekde ýurdumyzyň ösüşine aýratyn uly goşant goşjakdygy dogrusynda bellenilip geçildi. Ondan başga-da saparyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda düýbi tutulan täze mekdebiň iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň berkeýändiginiň alamaty dogrusynda giň many-mazmunly çykyşlar edildi. Duşuşyk Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň halkara abraýyny has belent derejelere ýetirmekde alyp barýan taýsyz tagallalary üçin alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP