Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY BILEN STRATEGIK HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

    Ýakynda...

  • DUŞUŞYK GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK — BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – PARAHATLYK WE DOST-DOGANLYK ÝÖRELGESI

    Şu gün...

  • ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ KÄMIL BINAGÄRLIK ESERI

    Şu gün...

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygyna

2023-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet Gümrükhananyň kiçi mejlisler jaýynda Beýik Watançylyk urşynda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli “Watan gerçeklerine şöhrat” atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Geçirilen bu baýramçylyk duşuşygy oňa gatnaşyjylaryň täsirli çykyşlary we görkezilen wideo şekiller arkaly has-da täsirliligi bilen tapawutlandy. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Beýik Ýeňşiň gahrymanlary, olaryň amala aşyran gahrymançylyklary we gazanan üstünlikleri bilen bagly täsirli çykyşlar edildi. Şeýle hem Beýik Ýeňşiň üstünlikleri barada taýýarlanylan gyzykly wideolar duşuşyga üýtgeşik öwüşgin berdi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Ýeňşiň gahrymanlaryna goýulýan belent sarpanyň we hormatyň hem-de olar baradaky edilýän döwlet aladalarynyň ähmiýeti dogrusynda many-mazmuna baý çykyşlar edildi. Duşuşyk Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň şöhratly taryhyna goýýan belent sarpalary we türkmen halkynyň baý taryhy gymmatlyklaryny ýaş neslimize ýetirmek ugrunda alyp barýan işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize sag bolsun sözleri bilen jemlendi.

TSTP