Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK GÜNI – HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BAÝRAMY

    Golaýda...

  • BITARAPLYK BAÝRAMY – PARAHATLYK AÝDYMY

    Şu gün...

  • DOGANLYK HALKLARYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK

    Şu gün...

  • GELJEKKI TELEKEÇILER ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY

    Hormatly...

  • ŞANLY ÝYLY DABARALANDYRAN BÄSLEŞIK

    Berkarar...

Berkarar döwletde – anyk menzilleriň aýdyň maksatlary

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti tarapyndan partiýanyň edara binasynda “Berkarar döwletde – anyk menzilleriň aýdyň maksatlary” atly maslahat geçirildi. Bu maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler ýetilýän sepgitler Mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň has hem ýokarlanmagyna öz uly täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda möhüm başlangyçlary öňe sürýärler. Ylym-bilim, telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ykdysadyýetimizi ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar. Garaşsyz döwletimizi 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi gowulandyrylýar. Olaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýar. Maslahata gatnaşanlar Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP