Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BITARAPLYK DIPLOMATIÝASY: HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SAÝASYNDA ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝYNYŇ ARTMAGY

    Ýakynda...

  • PARAHATÇYLYK WE BITARAPLYK: GARAŞSYZ TÜRKMENISTANYŇ HALKARA ABRAÝY

    Ýakynda...

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ WE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ SAÝLAP ALAN ÝOLY-BEÝIK GELEJEGIŇ KEPILI

    Türkmenistanyň...

  • ALABAÝ – TÜRKMENIŇ BUÝSANJY WE WEPALY DOSTY

       ...

  • Agzybirlik, parahatçylyk we ösüş –– Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgesi

       ...

Sahawatlylyk, ynsanperwerlik, dostanalyk gatnaşyklar ýola goýulýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň gurnamagynda Telekeçi B.Rawşanowyň “Tudana” haryt nyşanly ýer tudanasyny öndürýän ýyladyşhanasynda “Sahawatlylyk, ynsanperwerlik, dostanalyk gatnaşyklar ýola goýulýar” atly düşündiriş-wagyz çäresi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna resmi saparynda bolan wakalary wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen maslahatda çykyş edenler Patyşalygyň resmi beýanatynda habar berlişi ýaly, Hormatly Prezidentimiziň bu sapary onuň döwlet wezipesine girişenden soňra Bahreýne amala aşyrýan ilkinji sapar boldy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gepleşikleriň we birnäçe kabul edilişikler gurnaldy. Şeýle-de geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, türkmen wekiliýeti Bahreýniň käbir taryhy we häzirki zaman ýerleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem Hormatly Prezidentimiz her bir daşary ýurtlara we goňşy döwletlere iş saparlarynda we resmi saparlarynda ýany bilen türkmen telekeçilerini alyp gitmegi şol döwletleriň telekeçileri bilen özara tejribe alyşmaklaryna we birnäçe ylalaşyklara gelişmeklerine uly mümkinçilik döredýär diýip belläp geçdiler. 

   Ýurdumyzda hususyýetçiligiň ösdürilmegi ugrunda edýän uly tagallalary üçin alkyş sözlerini aýtdylar.  Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, arzuw etdiler.

TSTP