Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Halk Maslahaty – agzybirligiň dabaralanmasy

2023-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti tarapyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşynyň, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, jemgyýetimizde demokratik ýörelgeleriň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny giň halk köpçüligine düşündirmek we ony wagyz-nesihat etmek maksady bilen “Owadan ülke” hojalyk jemgyýetinde “Halk Maslahaty – agzybirligiň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. 

Çykyşlarda Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rinde, has ta­ky­gy, 11-nji ýan­war­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­laha­ty­nyň we Mej­li­si­niň bi­le­lik­dä­ki mas­la­ha­ty­nyň ge­çi­ril­me­gi, on­da mö­hüm me­se­le­le­re ga­ra­lyp, şo­nuň bi­len bag­ly de­giş­li çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi ga­dam ba­sy­lan şan­ly ýy­lyň hem ta­ry­hy äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ra baý bol­jak­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­dy. Bu mas­la­hat­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­ny dö­retmek, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi­ni bes et­mek we ka­nun çy­ka­ry­jy hä­ki­mi­ýe­ti ama­la aşyr­ýan we­kil­çi­lik­li eda­ra­ny bir pa­la­ta­dan yba­rat bo­lan Türk­me­nista­nyň Mej­li­si­ne öwür­mek bo­ýun­ça tek­li­biň öňe sü­rül­me­gi uly jem­gy­ýet­çi­lik ses­len­me­si­ni dö­ret­di. Ýe­ne-de san­ly­ja gün­den, 21-nji ýan­war­da jem­gy­ýet­çi­lik we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň pa­la­ta­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki mas­la­ha­ty ýurdu­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da mö­hüm wa­ka öw­rül­mek bi­len, döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek­de,Wa­ta­ny­my­zy ösüş­le­riň tä­ze de­re­je­le­ri­ne çy­kar­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. Hal­ky­my­zyň kö­pa­syrlyk ta­ry­hyn­da döw­let gur­lu­şy ba­bat­da top­lan tej­ri­be­si­ne, aja­ýyp ýol-ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip,Wa­ta­ny­my­zyň äh­li ba­bat­da gül­läp ös­me­gi­ne, ra­ýat­la­ryň bag­ty­ýar­lyk­da, eş­ret­li dur­muşda ýa­şa­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň döwlet­li tu­tum­la­ry­nyň ro­waç­lan­ma­gy­ny ar­zuw etdiler.

TSTP