Партия промышленников и предпринимателей Туркменистана

Последние события

  • YKDYSADYÝETIŇ ÖSÜŞINDE TELEKEÇILIGIŇ ORNY

    Golaýda T...

  • TÜRKMEN BITARAPLYGY: PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLILIK, DOST-DOGANLYK

    Şu gün...

  • BITARAPLYK - BEÝIK BAŞLANGYÇLARA BADALGA

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN – BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

    Şu gan...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

    Türkmenistanyň...

Arkadagly Serdar bilen Ýaşlar Bagtyýar!

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti tarapyndan “Maksada okgunly” hususy kärhanasynda “Arkadagly Serdar bilen Ýaşlar Bagtyýar!” atly duşuşyk geçirildi. 

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­lisi­niň ka­ra­ry esa­syn­da, 2023-nji ýy­lyň “Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly” diý­lip yg­lan edil­me­gi ýur­du­my­zyň her bir ýa­şaý­jy­syn­da buý­sanç­ly duý­gu­la­ry dö­ret­di. Bu şy­gar be­ýik döw­rü­mi­ziň şy­ga­ry, il­deş­le­ri­mi­ziň se­si. Tä­ze ýy­lyň şy­ga­ryn­da ýaş­la­ra bil­di­ril­ýän beýik ynam, buý­sanç, olar hak­da edil­ýän ala­da aýdyň be­ýa­ny­ny tap­ýar. Ar­ka­dag­ly ­Ser­da­ry­my­zyň türk­men hal­ky­na Tä­ze ýyl Gut­la­gyn­da: “Ga­raşsyz Wa­ta­ny­my­za buý­san­jy­ny, nu­ra­na er­tir­le­re yna­my­my­zy, aý­dyň mak­sat­la­ry­my­zy be­len­de tu­tup, biz ýe­tip ge­len 2023-nji ýy­la “Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly” di­ýip at ber­dik. Bu bol­sa Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş­la­ra bil­di­ri­len uly ynam­dyr” di­ýip bel­le­me­gi hem bu ha­ky­ka­tyň da­ba­ra­lan­ma­sy­dyr. 

Tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de her bir ýy­ly myna­syp at­lan­dyr­ma­gyň dä­be öw­rül­me­gi­niň özi hem örän be­gen­dir­ýän ýag­daý­dyr. Ta­mam­la­nan ýy­ly­myz “Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy” şy­ga­ry as­tyn­da ge­çip, şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­di. 2022-nji ýyl­da äh­li ugur­la­r­da uly üs­tün­lik­le­re, sep­git­lere ýe­til­di.

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň gö­zü­mi­ziň al­nyn­da özger­me­gi döw­rü­mi­ze bo­lan buý­san­jy­my­zy, durmu­şa bo­lan söý­gimi­zi art­dy­ryp, bi­zi has-da hyjuw­ly,dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar. “Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly” at­ly şy­gar­dan ugur alyp, ýaş­la­ryň ara­syn­da baý ma­ny-maz­mun­ly çä­re­le­ri ge­çi­re­ris we has-da jogapkärli işläp, ata Wa­ta­ny­my­zyň be­lent dere­je­le­re ýet­me­gi­ne, gül­läp ös­me­gi­ne my­na­syp go­şan­dy­my­zy go­şa­rys. Bi­ze şeý­le bag­ty­ýar­ly­gy peş­geş be­ren­di­gi üçin Gahryman Arkadagymyza, Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze päk ýü­rek­den al­kyş­la­ry­my­zy aýd­ýa­rys.

TSTP